AFK Kubogy ýaryşynda “E” toparçada çykyş edýän “Ahal” topary ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy. Ýurdumyzyň wise-çempiony ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň “Rawşan” topary bilen duşuşdy. Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherindäki Dolon Omurzakowyň adyny göterýän stadionda oýnalan oýun çekeleşikli geçip, ildeşlerimiz 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmen futbolçylary birinji ýarymda 4 minudyň içinde 2 gol geçirdi. Gollary 14-nji we 18-nji minutlarda Resul Hojaýewiň paslaryndan soň, Elman Tagaýew adyna ýazdyrdy.

Ikinji ýarymyň ilkinji minutlarynda täjik topary tapawutlanyp, az-owlak umytlandy. Has takygy, 52-nji minutda Daler Şomurodowyň penaltiden geçiren goly bilen hasap 2-1 boldy. Bu goldan 9 minutdan soň, Gurban Annaýew tapawutlanyp, aratapawudy 2-ä çykardy. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy. Şeýlelikde, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahal” topary ýaryşy dowam etdirmek ugrunda toparçalara şowly başlady. “Ahal” toparynyň toparçadaky indiki we soňky oýny 17-nji maýda bolup, şonda ildeşlerimiz ýerli “Dordoý” bilen güýç synanyşar.

AHAL – RAWŞAN: 3-1

(Elman Tagaýew 14, 18, Gurban Annaýew 63 – Daler Şomurodow 52 p)