24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ulag hyzmatlaryny ýetirmek üçin ýokary amatlylyklary özünde jemleýän “Hyundai” kysymly awtobuslaryň hem-de “Toyota” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň köp sanlysy satyn alyndy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabata görä, şäher içinde gatnaýan awtobuslaryň hemmesiniň 25-nji maýda, baýramçylyk günlerinde ýolagçylara mugt hyzmat etjekdigi, munuň bolsa, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ajaýyp sowgat bolup, olaryň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrjakdygy aýdyldy.