Halkymyzyň döreden we sünnäläp biziň günlerimize ýetiren gadymy we naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, ol nepis sungatdyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. Türkmen halysy türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar.
2019-njy ýyl türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmegiň çäginde hem iň bir rowaç ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl “Türkmen milli halyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizildi. Has takygy 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, milli halyçylyk ýurduň durmuş-ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanyň ilatynyň medeni özboluşlylygynyň görkezijisi hökmünde orun eýeleýär. Türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrümizde mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär. Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar.«El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarmyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär. Türkmeniň haly sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem geljegimiz wasp edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylda türkmen halysy babatda neşir edilen «Janly rowaýat» atly kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden täsin ägirt halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Mähriban Arkadagymyzyň 2016-njy ýylda neşir edilen «Arşyň nepisligi» eseri türkmen halkynyň medeni durmuşda halyçylyk sungatynyň orny we ähmiýeti baradaky oýlanmalaryň özboluşly dowamy boldy.
Şemşat Çaryýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.