Ülje şiresi dürli keselleriň öňüni almak babatda peýdaly önümleriň biridir. Bu şire dürli görnüşli çişmelere garşy göreşmekde we bogun agyrylaryna peýdalydyr. Witaminlere we minerallara baý bolan ülje bu häsiýetleri bilen fiziki ýadawlygy aýyrýar. Miwäniň düzüminde has köp A witamini bardyr. Lukmanlaryň bellemeklerine görä ülje kadaly uklamaga hem täsir edýär. «Nýu-Ýork Reýnjers» hokkeý toparynyň türgenleriniň arasynda kiçiräk synag geçirildi. Türgenlere naharyň ýany bilen ülje şiresi hödür edildi. Netijede, türgenleriň has gowy uky alandygy mälim edildi. Barlaglaryň netijesine görä, üljäniň düzümindäki melatonin uky garmonynyň has täsirli bolmagyna sebäp bolýar.
Mahym ATAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.