Sag­dyn we de­ňag­ram­ly iý­mit­len­mek be­de­niň, şol san­da gözüň ka­da­ly iş­le­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Gözüň gö­re­ji­ni go­ra­mak üçin peý­da­ly wi­ta­min­ler bar. A wi­ta­mi­ni gö­züň daş­ky gat­la­gy­nyň sag­ly­gy we gö­rüş üçin peý­da­ly­dyr. Bu wi­ta­min ýu­murt­ga­da, süýt önüm­le­rin­de, kä­şir, ys­ma­nak ýa­ly gök önüm­le­riň dü­zü­min­de bol­ýar. Ho­zuň dü­zü­min­de has köp muk­dar­da sak­lan­ýan E wi­ta­mi­ni hem göz üçin peý­da­ly­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, C hem-de B wi­ta­min­li önüm­ler göz­üň ka­da­ly sak­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Öň­den hem mä­lim bol­şy ýa­ly, göz üçin peý­da­ly mad­da «Ome­ga 3» ýa­gy­dyr. Ol köp möç­ber­de göz­ýa­şyň bö­lü­nip çy­kma­gy­na oňyn täsir edip, gö­züň gu­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Bu ýag ba­lyk önüm­le­ri­niň dü­zü­min­de hem bar.

Eziz RAH­MAN­KU­LOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.