Dünýädäki iň köne poçta markalarynyň dileri bolan «Stanley Gibbons» kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Gwianasynyň 1856-njy ýylda çykarylan markasyny 8,3 million dollara satyn aldy. Bu ýerde dünýäniň iň köne we iň gymmat markasy barada gürrüň gidýär. Satyn alnan marka kompaniýanyň Londondaky dükanynda hödürlener. Şeýle hem kompaniýa bu markany köpçülige elýeterli etmek üçin sanly kolleksiýasyny döretmegi meýilleşdirýär. «Stanley Gibbons» kompaniýasy bu markany satyn almak üçin «Phoenix S.G» paýdarlar jemgyýetinden göterimsiz pul karz aldy.
Begli AMANDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.