«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan himiki täsire durnukly, uzak wagtyň dowamynda ýokary basyşa çydamly polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalarynyň öndürilişini artdyrýar. Ýylyň başyndan bäri Kyýanlynyň polimer zawodyndaky ýerli öndürijilerden alynýan çig maldan eýýäm 200 tonna golaý önüm öndürildi.
Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat bazasynda turba çykarýan üç desga: uly we kiçi diametrli suw turbalary üçin КМЕ 105/36, uly diametrli gasynly lagym turbalary üçin UC- 315/48, elektrik simlerini geçirmek üçin kiçi diametrli gasynly turbalar üçin bolsa UC-36/50 kysymly desga işe girizilipdir.
Polimer önüminiň senagat önümçiligi Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň işinde ýeke-täk ugur däl. Telekeçiler on ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyza abzaldyr maşynlary we mehanizmleri getirmek, şeýle hem senagat desgalaryny gurmak bilen meşgul bolýarlar.
Häzirki wagtda kärhananyň hasabynda gurluşyk tehnikasy we ýörite tehnika, gurluşyk hem montaž işleri üçin göteriji mehanizmler bar. Hojalyk jemgyýetinde taslama topary, şeýle hem gurluşyk, energetika, mehanizasiýa, KIP we awtomatika pudaklary boýunça ençeme tehniki hünärmen zähmet çekýär. Telekeçiler Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 mln tonna bolan sement zawodyny gurmak üçin geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular. Desganyň 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirýärler.