Gün Ýe­riň ýag­ty­lyk we ýy­ly­lyk çeş­me­si­dir. Ge­liň, bu äpet as­man ji­si­mi­ni has ýa­kyn­dan ta­na­lyň!
Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly ga­lak­ti­ka­syn­da je­mi 200 mil­liard ýyl­dyz bo­lup, şo­la­ryň bi­ri hem Gün­dür.
Mil­liard­lar­ça ýyl­dy­zyň, pla­ne­ta­la­ryň we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri­niň eme­le ge­tir­ýän top­lu­my­na ga­lak­ti­ka di­ýil­ýär. Iň uly ga­lak­ti­ka­da­ky ýyl­dyz­la­ryň sa­ny 3 tril­li­on tö­we­re­gi diý­lip çak­la­nyl­ýar. Her ga­lak­ti­ka­da, or­ta­ça, 200-300 mil­liard ýyl­dyz bol­ýar.
Ga­lak­ti­ka­la­ryň mer­ke­zin­de ýyl­dyz­lar bo­lup, ola­ryň tö­we­re­gi­ni yzy­gi­der­li aý­lan­ýan gaz we bu­lut­lar eme­le ge­tir­ýär. Her bir ýyl­dy­zyň da­şyn­da bol­sa pla­ne­ta­lar we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri bol­ýar.
Bi­ziň pla­ne­ta­my­zyň ýer­leş­ýän ga­lak­ti­ka­sy­na Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly di­ýil­ýär. Beý­le­ki uly ga­lak­ti­ka­lar­da bol­şy ýa­ly Ak­ma­ýa­nyň ýo­lun­da hem mer­kez­dä­ki ýyl­dyz­lar has uly ýaş­ly, ola­ryň reň­ki gy­zyl we sa­ry. Çet­ki ýyl­dyz­lar has gyz­gyn we gök reňk­li bol­ýar.
Gü­nüň ýü­zün­dä­ki gyz­gyn­ly­gyň 5500 de­re­je­di­gi çak­la­nyl­ýar.
Gün şöh­le­si Ýe­re 8 mi­nut­dan gow­rak wagt­da ge­lip ýet­ýär. Şol se­bäp­li ir bi­len Gü­nüň do­gan wag­ty oňa se­ret­se­ňiz, gö­zü­ňi­zi ga­maş­dyr­maz. Se­bä­bi ony gör­ýän hem bol­sa­ňyz, Ýe­re ge­lip ýet­män­di­gi üçin onuň şöh­le­si gö­zü­ňi ga­maş­dyr­ma­ýar.
Gün şöh­le­si gü­nor­ta ça­gy Ýe­re has dik düş­ýär. Şol se­bäp­li gün­diz ho­wa ys­sy bol­ýar. Bu dö­wür­de müm­kin bol­sa, da­şa­ryk çyk­ma­ly däl.
Pla­ne­ta­lar Gü­nüň da­şyn­dan we öz oku­nyň da­şyn­dan yzy­gi­der­li aý­lan­ýar­lar. Bu ýag­daý pa­syl­la­ryň we gi­je-gün­di­ziň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.
Ys­sy ho­wa­da da­şa­ryk çy­ky­lan­da, açyk reňk­li, ýeň­li egin-eşik­le­ri geý­me­li. Baş­gap geý­me­gi unut­ma­ly däl.
Gün­den çyk­ýan ener­gi­ýa­nyň 2,2 mil­liard­dan bi­ri Ýe­re ge­lip ýet­ýär.
Gü­nüň 72 sa­ga­dyň do­wa­myn­da ýaý­rad­ýan ener­gi­ýa­sy Ýer­dä­ki äh­li ne­bit-ga­zyň ön­dür­jek ener­gi­ýa­sy­na de­ňe­çer­dir.
Or­ta ulu­lyk­da­ky ýyl­dyz ha­sap­lan­ýan Gün bu ul­gam­da­ky as­man ji­sim­le­ri­niň mas­sa­sy­nyň 99,8 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ga­lan 1,2 gö­te­ri­mi­ni Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýan pla­ne­ta­lar, as­te­ro­it­ler, me­teo­rit­ler, pla­ne­ta­la­ryň hem­ra­la­ry we beý­le­ki ulu­ly-ki­çi­li as­man ji­sim­le­ri eme­le ge­tir­ýär.
Gü­nüň adam sag­ly­gy üçin peý­da­sy ulu­dyr. Alym­lar Gün şöh­le­sin­de D wi­ta­mi­ni­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şol se­bäp­li ho­wa ys­sy bol­ma­dyk wagt­da da­şar­da, açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­gi unut­maň!