Her mil­le­tiň özü­ne mah­sus mil­li oýun­la­ry we oý­na­waç­la­ry bol­ýar. Oýun­lar ça­ga­la­ra çe­ýe­li­gi, ça­la­syn­ly­gy, çak­gan­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy, ugur­ta­py­jy­ly­gy, çyk­gyn­syz ýag­daý­dan baş alyp çyk­ma­gy öw­red­ýär. Şeý­le hem ça­ga­la­ryň ah­lak, zäh­met, be­den we akyl ter­bi­ýe­si üçin äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Her mil­le­te mah­sus oýun­lar şol mil­le­tiň ýa­şa­ýan te­bi­ga­ty, gün­de­lik dur­mu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­ýar. Si­ze ýa­pon kör­pe­le­riniň ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri güý­men­je­si bo­lan ta­ke­tom­bo­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­ma­ty ýe­tir­ýä­ris.
Bu oý­na­wa­ja bam­bu­kop­ter (bam­buk we di­ku­çar ma­ny­syn­da­ky «helicopter» söz­le­ri­niň bir­leş­me­gin­den eme­le ge­len) hem di­ýil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bam­buk-te­ne­çir hem di­ýil­ýär. Bu oý­na­waç bam­buk­dan we ka­gyz­dan ýa­sal­ýar. Il­kin­ji ge­zek şeý­le oýun­ja­gyň VII asyr­da peý­da bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bam­bu­kop­te­riň hä­zir­ki Ýa­po­ni­ýa­nyň her se­bi­tin­de baş­ga­ça­rak gör­nü­şi meş­hur­dyr. My­sal üçin, To­kio­da gö­nü­burç­luk gör­nü­şin­de ýa­sal­ýan bol­sa, Na­gi­ýa­da te­ne­çi­re meň­ze­di­lip ýa­sal­ýar. Bu oýun­ja­gyň Hy­taý­da hem ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri oý­nal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Il­ki­baş­da bu oýun­jak arnap aga­jy­nyň iç­ki bö­le­gin­den we de­ri­den ýa­sa­lyp­dyr. Bu oý­na­waç bel­li ital­ýan su­rat­ke­şi we oý­lap ta­py­jy­sy Leo­nar­da da Win­çi­niň çe­ken uç­ýan ula­gy­nyň su­ra­ty­na meň­ze­ýär.
Örän ýö­ne­keý bo­lan bu oý­na­waç di­ku­ça­ryň üst­ki pe­ri­ne meň­ze­ýär.
Ta­ke­tom­bo, esa­san, iki bö­lek­den – ga­nat­dan we ok­dan yba­rat bol­ýar. Tag­ta bö­le­ji­gin­den ýa­sa­lan ga­nat pyr­la­nan wag­ty ol ýo­ka­ryk gal­ýar. Tag­ta­jy­gyň or­ta­sy­na ber­ki­di­len ok bol­sa ga­na­ty aý­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Öň­ki dö­wür­de ýe­ňil bo­lan­dy­gy üçin bam­buk­dan ýa­sa­lan hem bol­sa, hä­zir­ki wagt­da aga­jyň beý­le­ki gör­nüş­le­rin­den we baş­ga ma­te­ri­al­lar­dan hem ýa­sal­ýar. Asyl nus­ga­sy iki bö­lek­den yba­rat hem bol­sa, oý­na­wa­jyň oku­ny dür­tüp dik sak­la­ma­gy üçin ýö­ri­te aýa­gy hem bar. Şeý­le hem onuň has çalt pyr­lan­ma­gy üçin oku­nyň da­şy­na ýüp sa­ral­ýan gör­nüş­le­ri hem bar. Ta­ke­tom­bo­nyň ga­na­ty bir ta­ra­py egim­li ýa-da eg­ri edi­lip hem ýa­sal­ýar. Bu oý­na­wa­jyň ae­ro­di­na­mi­ka­sy onuň has be­len­de gal­ma­gy­na we uza­ga git­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.