Ka­gyz­dan gä­mi, uçar, baş­gap ýa­ly ýö­ne­keý zat­la­ry ýa­sa­mak bü­tin dün­ýä­de kör­pe­le­riň güý­men­je­si ha­sap­lan­ýar. Şeý­le-de bol­sa hiç hi­li ýe­lim ulan­maz­dan, ka­gyz­dan dür­li şe­kil­le­ri ýa­sa­ma­gy ýa­pon­lar sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­rip­dir­ler. Mu­ňa ori­ga­mi di­ýil­ýär. Ge­liň, ka­gyz­dan gur­ba­ga ýa­sa­ma­gy öw­re­ne­liň!
Mu­nuň üçin 15×9 sm öl­çe­gin­dä­ki ýa­şyl reňk­li ka­gyz, ak ka­gyz, ga­ra ga­lam, gaý­çy ge­rek.
Il­ki bi­len gö­nü­burç­luk ka­gy­zy dik­li­gi­ne ep­läň we epi­ni­ni ýa­zyň! Ýo­kar­syn­da­ky sag bur­çy dia­go­nal gör­nüş­de çe­pe ep­läň we açyň! Ýo­kar­dan çep­dä­ki bur­çu­ny hem şeý­le ediň!
Ka­gy­zy ters öw­rüň!
Gö­nü­burç­lu­gyň ýo­kar­ky bö­le­gi­ni dia­go­nal epin­le­riň bir­le­şen ýe­ri­ne çen­li ep­läp, açyň! Ka­gy­zy ýe­ne-de ters öw­rüň!
Su­rat­da­ky ýa­ly gy­ra­la­ry­ny ep­läp or­ta ge­ti­riň! Soň­ra gö­nü­burç­lu­gyň ýo­kar­sy­ny üç­burç­luk eme­le gel­jek ýag­daý­da ep­läň! Ne­ti­je­de, ja­ýa meň­zeş şe­kil eme­le ge­ler.
Üç­burç­lu­gyň iki bur­çu­ny ýo­kar­ky no­ka­dy­na ýe­ti­rip, ep­läň! Soň­ra ka­gy­zyň çep ta­ra­py­ny or­ta ýe­ti­rip ep­läň! Sag ta­ra­py­ny hem şeý­le ýag­daý­da ep­läň!
Üç­burç­lu­gyň ýo­kar­ky bö­le­gin­dä­ki ga­nat­la­ryň ujy gap­da­la ba­kar ýa­ly edip ep­läň! Ka­gy­zyň aşa­ky bö­le­gi üç­burç­lu­gyň ýo­kar­ky bur­çu­na ge­ler ýa­ly edip ep­läň! Soň­ra aşa­ky gy­ra­sy­na ge­ler ýa­ly edip ep­läň! Ka­gy­zy ters öwür­se­ňiz, bök­ýän gur­ba­ga­jy­gyň taý­ýar bo­lan­dy­gy­ny gö­rer­si­ňiz! Göz­le­ri­ni ýa­sa­mak üçin te­ge­le­jik edi­lip ke­si­len iki ak ka­gy­zy ýel­mäp, ga­ra ga­lam bi­len gö­zü­niň su­ra­ty­ny çe­kiň!
Ýi­ti es­bap­la­ry ula­na­ny­ňyz­da ulu­lar­dan kö­mek so­ra­ma­gy unut­maň!