Tokio 2020-de ýeňil atletika ýaryşlarynda zenanlaryň arasyndaky 1500 metre ylgamak ýaryşynda keniýaly Fait Kipýegon altyn medala mynasyp boldy. Ol 3 minut 53,11 sekuntda pellehana gelip, altyn medalynyň üstüni Olimpiýa rekordy bilen ýetirdi. Şunlukda, bu ugurda yzly-yzyna 2-nji gezek altyn medal gazanan Kipýegon 33 ýyllyk Olimpiýa rekordyny täzeledi. Bu babatda ozalky rekord rumyniýaly Paula Iwana degişli bolup, ol Seulda 3:53,96 minutlyk görkeziji bilen Olimpiýa rekordyny goýupdy.