Ýapon çagalarynyň arasynda meşhur bolan bu oýun ýönekeýdigine garamazdan, gyzykly oýunlaryň biridir. Bu oýunda çagalar döwze gurap oturýarlar. Çagalaryň arasynda biri sanawaç bilen möjek saýlanýar. Möjek saýlanan çaga elini biri-birine ýakynlaşdyryp, «uly çyra» diýýär. Soňra bolsa nobaty gelen çaga elini açyp «kiçi çyra» diýýär. Ýagny çagalar eli bilen «uly çyra» diýenlerinde kiçi, «kiçi çyra» diýenlerinde uly manysyny yşarat etmeli. Aýdanynda ýa-da eli bilen görkezende ýalňyş hereket eden oýundan çykýar. Bu oýny 10-20 bolup oýnap bolýar. Oýun soňky çaga galýança dowam edýär.