Bir gün oba­nyň ba­ýy öz ýa­kyn dos­ty bi­len aty­na at­la­nyp, ge­ze­len­je çy­kyp­dyr. Şol ýe­re go­laý bo­lan çar­ba­ga gi­ren­le­rin­de ýa­şy bir­çe­ne ba­ran ga­ryp ada­myň agaç na­hal­la­ry­ny di­kip, oturdyp ýö­re­ni­ne gö­zi dü­şüp­dir. Hal-ah­wal so­ra­şa­nyn­dan soň­ra, baý gar­ra şeý­le so­wal bi­len ýüz­le­nip­dir:
-Na­hal­la­ryň nä­çe ýyl­dan mi­we be­rer?
-On, on bäş, bel­ki-de kä­bi­ri ýig­ri­mi ýyl­dan.
-Diý­mek, eken na­hal­la­ryň mi­we­si­ni iý­je­giň gü­ma­na-da, şeý­le­mi?! On­da nä­me üçin mi­we­si­ni iýip bil­me­jek agaç­la­ryň üçin beý­le azap çe­kip, der dök­ýäň?
Ba­ýyň bu so­wa­ly­na gar­ry şeý­le jo­gap be­rip­dir:
-Og­lum, biz­den öň­kü­le­riň eken aga­jy­nyň mi­we­si­ni biz iý­dik. In­di ge­zek bi­ziň­ki. Biz eke­li, biz­den soň­ku­lar hem iý­sin. Olar hem biz­den gö­rel­de alar.
Gar­ry­nyň bu jo­ga­by ba­ýyň göw­nü­ne ýa­rap­dyr we bir gy­sym al­tyn teň­ňä­ni gar­ra uza­dyp­dyr. On­da gar­ry:
-Baş­ga­la­ryň eken na­ha­ly en­çe­me ýyl soň­ra mi­we ber­ýär, me­niň­ki­ler ba­da-bat mi­we ber­di – di­ýip­dir. Bu söz­le­re baý he­zil edip gü­lüp­dir we gar­ra ýe­ne bir gy­sym al­tyn teň­ňe be­rip­dir. On­da gar­ry:
-Baş­ga­la­ryň eken na­ha­ly ýyl­da bir ge­zek mi­we ber­ýär, me­niň­ki­ler bir­ba­da iki ge­zek mi­we ber­di – di­ýip­dir.
Gar­ry­nyň söz­le­ri­ne he­zil edip gü­len baý hoş­la­şyp, öz ýo­ly bi­len bo­lu­be­rip­dir.
Ha­wa, ça­ga­lar, adam bir ýag­şy işiň ba­şy­na ba­ran­da hök­man onuň mi­we­si­ni al­mak, hö­zi­ri­ni gör­mek ta­ma­sy bi­len bar­ma­ly däl. Ýagşy niýet bilen edi­len her bir iş öz be­re­ke­di­ni ar­ty­gy bi­len ge­ti­rer.