“Hyperloop” atly ulgam geljegiň jemgyýetçilik ulagy hökmünde görkezilýär. Ulagyň bu görnüşi howasyz geçelgäniň içinde ýokary tizlik bilen hereket edýän otludan ybaratdyr. Howa we ýer sürtülmesiniň bolmazlygy otlynyň ýokary tizlikde hereket etmegine mümkinçilik berýär. Bu ulgam birnäçe ýyldan bäri dürli ýurtlarda synagdan geçirilýär. Häzire çenli gysga aralyklarda synagdan geçirilen hem bolsa, entek maksat edinilişi ýaly şäherara ýollar gurulmady. “Virgin Hyperloop” atly kompaniýa bu ulgamyň nähili boljakdygy barada tanyşdyrylyş wideosyny ýaýratdy. Taslamada göz öňünde tutulyşyna görä, wagonlar aýratynlykda hereket edip, biri-birine birikdirilmeýär.

Bu ulagyň ilkinji ýolagçyly nusgasy geçen ýyl synagdan geçirilip, sagatdaky tizligi 170 kilometre ýetirilipdi. “Virgin Hyperloop” kompaniýasy ulagyň bu görnüşiniň elektrik energiýasy bilen işläp, daşky gurşaw üçin zyýansyz boljakdygyny mälim edýär. Şeýle taslamany “Hyperloop TT” atly ýene bir kompaniýa işläp taýýarlaýar. Bu kompaniýa konteýnerleri şeýle usul arkaly daşamagy maksat edinýär.