Dün­ýä awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry uçar­lar­da ada­ty ka­gyz žur­nal­la­ry kem-kem­den aý­ryp baş­la­dy. Uçuş wag­tyn­da, köp­lenç ne­şir­le­ri ça­lyş­mak uçar­be­let­ler üçin az­da-kän­de kyn­çy­lyk dö­red­ýän­di­gi se­bäp­li, otur­gyç­la­ryň ar­ka­syn­da ek­ran ber­kit­mek ýa-da ýo­lag­çy­la­ra plan­şet ber­mek ýa­ly elekt­ron çeş­me­le­ri­ne ge­çi­lip ug­ral­dy. Şeý­le-de bol­sa bu çöz­güt­le­riň kem­çi­lik­le­ri hem bo­lup, uçar­be­let gyz­lar ýo­lag­çy­la­ra hä­li-şin­di bu en­jam­la­ry saz­la­mak üçin kö­mek et­me­li bol­ýar­lar.
«Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy öz ýo­lag­çy­la­ry­na tä­ze güý­men­je­li en­ja­my – çe­ýe OLED ek­ran­ly elekt­ron žur­nal hö­dür­le­di. Onuň ada­ty plan­şe­te meň­ze­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, žur­nal ýa­ly bü­kül­ýär. En­jam iki sa­hy­pa­dan – nus­ga­wy ka­gyz sa­hy­pa­dan (howp­suz­lyk gör­kez­me­le­ri ýer­leş­ýän) we sen­sor ek­ran­dan yba­rat­dyr. Ek­ran­da san­ly ga­zet­le­ri oka­mak, film­le­re we te­le­ýaý­lym­la­ra to­ma­şa et­mek, aý­dym diň­le­mek we iý­mit sar­gyt et­mek ýa­ly bir­nä­çe ugur­lar el­ýe­ter­li edi­lip­dir.
Tas­la­ma­nyň aw­tor­la­ry­nyň pi­ki­ri­çe, her ge­zek san­ly žur­nal ula­ny­lan­da, ýo­lag­çy­lar oka­ma­gyň ka­da­la­ry­na üns ber­se­ler, ola­ryň yzy­gi­der­li oka­mak müm­kin­çi­li­gi has-da ar­tar. Çe­ýe ek­ran­ly il­kin­ji smart­fo­ny dö­re­den «Ro­ýo­le» kom­pa­ni­ýa­sy bu en­ja­my iş­läp düz­mä­ge gat­naş­dy. En­ja­ma köp güýç sarp et­me­giň ze­rur­ly­gy ýok. Çün­ki ol ada­ty žur­nal ýa­ly bü­kü­lip, az ýer tut­ýar. «Air­bus»-yň we­kil­le­ri tä­ze önü­mi ýa­kyn wagt­da uçar­da sy­nag­dan ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar.