Formula 1 boýunça möwsümiň 14-nji bäsleşigi Italiýa Gran Prisi wakalara baý bolup, sanawyň öňdebaryjy iki sürüjisiniň ulaglary howply ýagdaýda çaknyşdy. Monza şäherinde geçirilen 53 aýlawlyk ýaryşyň 26-njy aýlawynda Hamilton pit-stopdan çykanyndan soň, Maks Werstappeniň ulagy bilen çaknyşdy. Werstappeniň ulagy Hamiltonyň ulagynyň üstün çykdy. Iki sürüjiniň-de bu çaknyşykda hiç hili şikes almandygy, saglyk ýagdaýlarynyň gowudygy habar berildi. Netijede, 53 aýlawy “McLaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardo 1 sagat 21 minut 54,365 sekuntda tamamlap, 2018-nji ýyldaky Monako “Gran Prisinden” soň, ilkinji, umumylykda-da 8-nji gezek F1-de ýeňiş gazandy. Rikkiardonyň topardaşy, britaniýaly Lando Norris ýeňijiden 1,747 sekunt yza galyp ikinji ýeri eýeledi. Ilkinji hatardan bat alan “Mercedes” toparynyň fin sürüjisi Waltteri Bottas 3-nji orna mynasyp boldy. Italýan topary “Ferrariniň” sürüjileri Şarl Lekler 4-nji, Karlos Saýns Junior 6-njy orny eýeledi.
“McLaren” topary 2012-nji ýyldan soň ilkinji ýeňşini gazanyp, utugyny 215-e ýetirdi we toparlaryň arasynda 3-nji orna beýgeldi.
Möwsümiň 15-njy ýaryşy 26-njy sentýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriler.