Hytaý Halk Respublikasynda ikinji doza sanjymy alanlaryň sanynyň 1 milliarddan geçendigi mälim edildi. Şeýlelikde ýurtda koronawirusa garşy edilen sanjymyň mukdary ABŞ we Ýewropa ýurtlaryndan öňe geçdi. Hytaýyň Milli saglygy goraýyş komissiýasynyň spikeri Mi Feng metbugat işgärlerine beren beýanatynda ýurtda jemi 2 milliard 16 million doza sanjym edilendigini habar berdi.

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurdunda 12 ýaşdan ululara koronawirusa garşy sanjym edilýär. Hytaýda hem isleg bildiren halatynda 12 ýaşdan ulular bu sanjymy alyp bilýärler.

Dünýä boýunça boýunça jemi 5 milliard 800 milliondan gowrak doza sanjym edilendigi habar berildi.