Hal­ka­ra «Bu­ker» baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy Lon­don­da yg­lan edil­di. Al­ty da­laş­gä­riň sa­na­wy baý­ra­gyň web sa­hy­pa­syn­da ha­bar be­ril­di. Şeý­le­lik bi­len, ABŞ-dan üç ýa­zy­jy – Pu­lit­ser baý­ra­gy­nyň eýe­si Ri­çard Pauers «Bu­la­şyk­lyk» (Be­wil­der­ment), Pat­ri­si­ýa Lok­wud «Hiç kim bu hak­da gep­leş­me­ýär» (No One is Tal­king About This) we Meg­gi Şip­sted «Uly te­ge­lek» (Great Circle) ýa­ly eser­le­ri bi­len öz ara­la­ryn­da bäs­le­şer­ler.
Da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen­le­riň ara­syn­da şri-lan­ka­ly ýa­zy­jy Anuk Arudp­ra­ga­za­myň «De­mir­ga­zyk ta­ra­pa ge­çiş», (A Pas­sa­ge North), so­ma­li-iň­lis ýa­zy­jy­sy Na­di­fa Mo­ham­e­diň «Ga­ra­dan gaýt­maz adam» (The For­tu­ne Men) we gü­nor­ta af­ri­ka­ly Deý­mon Gel­gu­tyň «Wa­da» (The Pro­mi­se) ýa­ly eser­le­ri bar. Şol bir wag­tyň özün­de Gel­gut üçün­ji ge­zek «Bu­ker» baý­ra­gy­na da­laş­gär gör­ke­zil­di. On­dan öň gys­ga sa­naw­da onuň iki sa­ny baş­ga ese­ri bar­dy.
Ýe­ňi­ji 3-nji no­ýabr­da «BBC» ra­dio­sy­nyň te­at­ryn­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da yg­lan edi­lip, 50 müň funt ster­ling bi­len sy­lag­la­nar. Ge­çen ýyl şot­lan­di­ýa­ly ýa­zy­jy Dug­las Stýuart «Şaggi Beýn» at­ly il­kin­ji ro­ma­ny üçin «Bu­ker» baý­ra­gy­na eýe bol­dy. Ki­tap­da ça­ga­lyk ýat­la­ma­la­ry­na esas­la­ny­lyp, 1980-nji ýyl­lar­da Glaz­go­nyň ýa­şa­mak üçin oňaý­syz ýe­rin­de ula­lan ça­ga­nyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.