Lukmanlar çagalar üçin iň peýdaly sport sanawy barada maglumat berdiler. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, çagalar üçin iň peýdaly sport görnüşleriniň arasynda ýeňil atletika, suwda ýüzmek we beýleki galtaşmakdan uzak durulýan oýunlar bar.
Şeýle hem bilermenler çagalara woleýbol ýa-da tennis ýaly topy tordan geçirmek ýaly islendik sport bilen meşgullanmagy maslahat berýär. Bilermenler çagalaryň hepdede bir gezek tennis oýnamagynyň ýa-da hepdede bir gezek ýüzmeginiň gowy endikdigini belleýär. Şeýle endikler olaryň sagdyn bolmagyna ýardam edýär. Amerikaly alymlaryň ozal geçiren ylmy-barlaglaryna görä, ýüzmegiň adam saglygy üçin iň peýdaly sportdugy anyklandy. Sportuň bu görnüşi adam ömrüniň dowamlylygynyň ýokarlanmagyna kömek edýändigi bellenilýär.
Muhammetmyrat BALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.