Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da dep­gin­li yk­dy­sa­dy ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak, eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da ber­ýän tab­şy­ryk­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Eziz Wa­ta­ny­myz ok­gun­ly ös­ýän, özü­niň ýo­ka­ry hil­li, is­leg­li önüm­le­ri­ni da­şar­ky ba­zar­la­ra yzy­gi­der­li eks­port ed­ýän, beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä­niň söw­da ul­ga­myn­da hem yg­ty­bar­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş hök­mün­de giň­den ta­nal­ýan ýur­da öw­rül­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň be­ren aja­ýyp mi­we­le­ri­niň bi­ri­dir.
Yk­dy­sa­dy ösü­şi hä­si­ýet­len­dir­ýän esa­sy mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji bo­lan je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň mil­li Li­de­ri­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re eýe bol­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň esa­sy gör­ke­zi­ji­si­dir. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň en­çe­me döw­le­ti bi­len da­şa­ry söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny ama­la aşyr­ýar. Di­ýa­ry­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň eks­por­ty­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, esa­sy hyz­mat­daş ýurt­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň söw­da öý­le­ri dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň söw­da öý­le­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Be­la­rus, Tür­ki­ýe, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­la­ryn­da, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de we beý­le­ki ýurt­lar­da he­re­ket ed­ýär. Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän önüm­ler ola­ryň üs­ti bi­len da­şa­ry ýurt­lar­da ýer­le­nil­ýär. Ýur­du­my­zyň ha­ryt­la­ry şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­syn­da her gün ge­çi­ril­ýän söw­da­lar­da ýer­le­nil­ýär.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň önüm­çi­lik we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek, ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len ha­ryt­la­ryň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da hu­su­sy te­le­ke­çi­li­ge hem uly orun be­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti ba­zar gat­na­şyk­la­ry ýö­rel­ge­sin­de gu­rul­ýan ýur­du­myz­da hu­su­sy pu­da­gy ne­ti­je­li we saz­la­şyk­ly ös­dür­mek üçin amat­ly yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe we dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di. Ýy­lyň-ýy­ly­na oba­se­na­gat top­lu­my­nyň des­ga­la­ry­nyň bir­nä­çe­si, şol san­da iri ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Guş­çu­lyk, mal­dar­çy­lyk, ba­lyk­çy­lyk bo­ýun­ça önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň, gök we bak­ja, mi­we önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň önüm­çi­lik, in­no­wa­si­ýa we ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da ta­gal­la­lar edil­ýär. Mu­ňa go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly mej­li­sin­den hem gör­mek bol­ýar. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky bi­len Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma we ma­li­ýe şert­le­ri­ne gol çe­kiş­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ba­za­ryň tä­ze ugur­la­ryn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýär­ler, pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry, dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar, da­şar­ky ba­zar­la­ra bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň köp gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ýar­lar. Şo­nuň üçin ýur­du­myz bu pu­da­gy ös­dür­mek bi­len döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny hem has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär.
Dün­ýä­de yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň örän tiz­leş­di­ri­len şert­le­rin­de ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry­nyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak we in­no­wa­si­on tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak ukyp­ly­ly­gy bar­ha art­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de dur­muş dü­zü­mi­niň top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, hal­kyň aň-bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­li art­dy­ryl­ma­gy hem-de bu ugur­da amal edil­ýän uly iş­ler bi­len bag­ly al­nyp ba­ryl­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li we oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sat ýur­du­my­zyň giň möç­ber­li ösüş­le­ri­niň hil taý­dan ýo­ka­ry çyk­ma­gyn­da wa­jyp orun eýe­le­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­ma­gy, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ma­gy hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da go­wu­lan­ma­gy ug­run­da ne­ti­je­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne giň ge­rim­li iş­le­ri alyp bar­ýan hormatly Prezidentimiziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň he­mi­şe üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris.

Şöh­rat PÄL­WA­NOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.