Suw liliýasy atly ösümlikler süýji suwly köllerde ösýär. Suwuň ýüzüni gaplaýan bu ösümlikler örän çalt ýaýraýar.
Täsin ösümlik barada gysgaça maglumatdan soňra sowalymyza geçeliň! Kölüň bir böleginde suw liliýasy ösüp otyr. Suwotular her gün iki esse ýaýraýar. Ýagny her günde düýnkä garanyňda suwuň iki esse köp ýerini tutýar. Eger 48-nji günde suw liliýasy kölüň ýüzüni tutuşlygyna gaplan bolsa, ýarysyny haçan gaplapdyr?
Geçen hepdäniň jogaby
Geçen hepdede mellekde öňden ösüp oturan dört agajyň hersi bir bölekde galar ýaly edip, deň dörde bölmegi sorapdyk. Mellek keseligine we dikligine dört-dörtden jemi 16 öýjükden ybarat. Diýmek, her bölekde dört öýjük bolsa, deň bölege bölünýär. Üns beren bolsaňyz, iki gyradaky dört öýjükden ybarat dik sütünlere bir agaç düşýär. Olary aýratyn bir bölek edip bolýar. Ortada galan sekiz öýjügi keseligine ikä bölenimizde her tarapynda bir agaç galýar. Mellegi şeýle ýagdaýda deň böleklere bölüp bolýar. Mundan başga-da «L» harpy şekilinde başgaça usulda hem bölmek mümkin.