Serie A-nyň iň köp çempion bolan topary Ýuwentus 15 ýyldan soň ýene-de aşaky liga (Serie B) düşürilip bilner. Turin şäheriniň baş prokurorynyň görkezmesi boýunça klubuň maliýe işleri seljerilip başlandy. Ýurduň maliýe polisiýasy (Guardia di Finanza) toparyň Turin we Milandaky ofislerinde barlaglar geçirdi. Maliýe işlerinde galplyga ýol berendigi göz öňüne tutulyp, kazyýet işi gozgalan topara agyr jerimeler salynmagy mümkin. Klub jemi 42 transferiň töleginde, oýunçylaryň menejerlerine berlen töleglerde galplyga ýol bermekde (hakyky tölenen pullar bilen kagyz ýüzünde geçirilen töleglerde) aýyplanýar. Italiýanyň sarp edijileriň hukuklaryny goraýjy guramasynyň ýolbaşçysy Marko Donzelli klubuň jerime aljakdygyny belläp geçdi. Donzelliniň aýtmagyna görä, şol jerimeleriň arasynda klubuň aşaky liga düşürilmek ähtimallygy hem bar. Ol: “Mesele uly. Bu bolsa klubuň soňky ýyllarda gazanan çempionlyklaryna-da özüniň täsirini ýetiripdir. Sebäbi Ýuwentus soňky ýyllarda tä geçen möwsüme Serie A-da yzly-yzyna çempionlyk gazandy. Eger-de topar şeýle hilegärlikleriň, galplyklaryň kömegi bilen beýleki garşydaşlaryndan öňe saýlanandygy anyklansa, onda topar gerekli jerimelere sezewar bolar. Şahsy jerimelerden başga-da klub hem jezasyz galmaz” diýip, çykyş etdi. Eger-de barlaglaryň netijesinde Ýuwentus aşaky liga düşürilse, toparyň çempionlyklary-da alnar.
Ýeri gelende aýtsak, Ýuwentus topary 2006-njy ýylda-da “Galciopoli” gopgunyndan soň Serie B düşürilipdi. Klub şol döwürde birnäçe duşuşyklaryň netijesine meýdançanyň daşyndan täsir edipdir. “Galciopoli” wakasynda Ýuwentus aşaky liga düşürilip, Milan, Lasio, Fiorentina ýaly toparlaryň utuklary aýrylypdy. Şonda Ýuwentusyň 2005-nji we 2006-njy ýyllardaky çempionlyklary-da alnypdy.