Dünýä belli Forbes žurnaly ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň sanawyny mälim etdi. Ilkinji 50 orny eýelän türgenler 2020-nji ýyla garanyňda, 16 göterim köp girdeji gazandy. Öňdäki 50 orny eýelänleriň umumy gazanjy 2,8 milliard dollara deň bolup, bu rekord görkeziji hökmünde hasaba alyndy. Bu sanaw türgenleriň aýlyk haklary bilen bir hatarda, mahabatlar we beýleki girdejiler esasynda düzüldi.
Sanawyň başyny irlandiýaly MMA söweşijisi Konor MakGregor çekýär. Gopgunly hereketleri bilen adygan türgen 180 million dollarlyk gazanç etdi. Onuň 22 million dollar sportdan bolsa, galany beýleki girdejilerdir. PSŽ-niň argentinaly ýyldyzy Lionel Messi 130 million dollar bilen 2-nji ýeri eýeleýär. 97 million dollary futboldan gazanan Messiniň 33 million dollarlyk gazanjyny mahabatlar we beýleki çeşmeler emele getirýär. Messiden 10 million dollar az gazanan portugaliýaly Kristiano Ronaldo 120 million dollar bilen 3-nji orny eýeleýär. Onuň gazanan pul mukdarynyň 70 million dollary futboldan bolsa, galany beýleki girdejilerdir.
Amerikan futbolynyň oýunçysy Dak Preskottyň 107,5 million dollar (97,5 + 10) bilen 4-nji bolan sanawynda basketbolyň super ýyldyzy LeBron Jeýms 96,5 million dollar (31,5 + 65) bilen 5-nji orny eýeledi. 6-njy basgançakda braziliýaly futbolçy Neýmaryň (95 million dollar; 76+19), 7-nji ýerde şweýsariýaly tennisçi Rojer Federeriň (90 million dollar; 30+60), 8-nji orunda-da britaniýaly F1 sürüjisi Lýuwis Hamiltonyň ady bar (82 million dollar; 70+12).
Amerikaly türgenler – amerikan futbolynyň wekili Tom Bredi (76 million dollar; 45+31) bilen basketbolçy Kewin Durant (75 million dollar; 35+40) ilkinji onlugy jemleýän türgenler boldy.
Amerikaly basketbolçy Stefen Körriden (75 million dollar) soň 12-nji ýeri eýelän ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka 60 million dollarlyk gazanç etdi. Ol 60 million dollarlyk gazanjy bilen ähli döwürleriň iň köp pul gazanan zenan türgeni hökmünde hasaba alyndy. F1-iň täze çempiony Maks Werstappen 42,5 million dollar bilen 27-nji, fransiýaly futbolçy Kilian Mbappe 40 million dollar bilen 31-nji hem-de 34 million dollar gazanan polşaly hüjümçi Robert Lewandowski 48-nji ýeri eýeledi.
Konor MakGregor – 180 million dollar
Lionel Messi – 130 million dollar
Kristiano Ronaldo 120 million
Dak Preskottyň – 107,5 million dollar
LeBron Jeýms – 96,5 million dollar
Neýmar – 95 million dollar
Rojer Federer – 90 million dollar
Lýuwis Hamilton – 82 million dollar
Tom Bredi – 76 million dollar
Kewin Durant – 75 million dollar