Özbegistanda ýylda 1,5 million tonna çenli ýangyç öndürmäge mümkinçiligi bolan gazy gaýtadan işleýän kärhana açyldy. Respublikanyň günortasyndaky ägirt uly toplum diňe bir ýurtda däl, eýsem GDA ýurtlarynda-da iň uly maýa goýum taslamalarynyň biri hasaplanýar. Onuň gurluşygyna dünýäniň dürli künjeklerinden kompaniýalar we korporasiýalar gatnaşdy.
-Şeýle kärhanalar diňe maýa goýumlary arkaly gurulýar. Bu kärhana işe girizildi, indi iň möhümi halkymyzyň onuň hözirini görmegidir. Biz köp ýyldan bäri gaz satsak-da girdeji görmedik. Şeýle zawodlarda çuňňur gaýtadan işlemek arkaly goşmaça gymmatlygy dörederis – diýip, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew zawodyň açylyş dabarasynda aýtdy.
Şawkat Mirziýoýew “Uzbekistan GTL” zawodynyň diňe Özbegistanda däl, eýsem GDA ýurtlarynda-da iň uly maýa goýum taslamalarynyň biridigini aýratyn belläp geçdi.
Özbegistanyň Kaşkadarýa welaýatynyň Guzar etrabynda gurlan bu kärhana ýylda 3,6 milliard kub metre çenli tebigy gazy gaýtadan işlemäge ukyply bolup, 1,5 million tonna ýokary hilli suwuk sintetiki ýangyç öndürer. Bu ýerde öndürilýän awiasiýa kerosini, dizel ýangyjy, nafta (ligroin) we suwuklandyrylan gaz diňe bir içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem bu önümleri eksport etmäge mümkinçilik döreder.
Zawodyň gurluşygy 2017-nji ýylda başlanyp, taslamanyň bahasy 3,4 milliard dollara deň boldy. Şol bir wagtyň özünde zawodyň her ýyl milliard dollarlyk ýangyç öndürip, 9 ýylda doly öwezini dolmagyna garaşylýar.