Gyşyň dowam edýän şu günlerinde howa sowuk bolýar. Ýöne ýer ýüzünde hemişe sowuk bolýan ýerler hem bar. Beýik dag gerişlerinde, planetamyzyň demirgazyk we günorta polýuslarynda howa mydama sowuk bolýar. Polýuslarda howanyň sowuk bolmagy Gün şöhlesiniň dik düşmeýänligi bilen baglydyr. Günorta polýusdan tapawutlylykda demirgazyk polýusda gury ýer ýok. Ýeriň Günorta polýusynyň töweregini gaplap alýan buzluklara Antarktika, demirgazyk polýusynyň töweregine Arktika diýilýär.
Ýeriň günorta polýusy Antarktika demirgazyk polýusyndan has sowuk. Arktikada we Antarktikada Gün şöhlesi gytaklaýyn düşýär. Bu ýerlerde Gün şöhlesi dik düşmeýär. Iki polýusda hem birnäçe aýlap, ýylyň belli wagtynda Gün dogmaýar. Bu ýerlerde gündiz birnäçe aý dowam edýär. Edil şonuň ýaly, gije hem birnäçe aýa çekýär. Günüň ýaşmaýan wagty has sowuk we garaňky bolýar.
Antarktika ýagyn ýagmaýar. Bu ýerde buz gatlagynyň aşagynda gury ýer bar. Antarktikanyň köp ýerini dag gerişleri emele getirýär. Bu ýerde esasy üç sany dag ulgamy bar. Antarktikanyň iň beýik nokady Winson gerşi bolup, onuň beýikligi 4892 metre barabar. Materikde beýikligi 1500 metrden geçýän kyrk geriş bar. Bu ýeriň ortaça beýikligi deňiz derejesinden 2,3 kilometre barabar.
Demirgazyk polýus bolsa, ummanyň ýüzündäki buz gatlagyndan ybarat bolup, belent depeler ýok. Bu bolsa, günorta polýusyň demirgazykdan has sowuk bolmagyna getirýär. Bilşimiz ýaly, beýik ýerler sowuk bolýar. Antarktikanyň köp ýerinde pingwinler ýaşaýar. Tomsuna bolsa bu ýere guşlar göçüp barýar.