Aşa ýokary tizlikli awtoulaglary öndürmegi bilen tanalýan «Bugatti» kompaniýasy ilkinji samokatyny tanyşdyrdy. Elektrik energiýasy bilen işleýän iki tigirli ulag «Bytech International» atly bu ugurda iş alyp barýan başga bir kompaniýa bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde taýýarlanypdyr. «Bugatti» bu ulaga diňe öz nyşany bilen goşant goşupdyr. Ýagny, «Bytech» dolulygyna öz işläp taýýarlan ulagyna abraýly markanyň adyny goýupdyr. Agramy 15,8 kilogram bolan bu ulag sagatda 30 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Häzirlikçe iki reňkli görnüşi bolan bu ulag bir gezekki zarýady bilen 35 kilometr ýol geçip bilýär.
Elektrik energiýasy bilen işleýän samokatlaryň önümçiligine beýleki awtoulag öndürijiler hem goşuldy.
Ogulmaýa Annamämmedowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.