Gyşky transfer möwsüminiň soňky sagatlary hemişekiler ýaly hereketli ýagdaýda geçdi. Tälimçilige Frank Lampardy bellän Ewerton topary Tottenhamyň ýarymgoragçysy Dele Allini transfer etdi. Topar 25 ýaşyndaky iňlis futbolçy bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy barada anyk maglumat berilmedi. Ýöne iňlis metbugatynda çykan habarlara görä, Ewerton Alli üçin goşmaçalar bilen bilelikde 40 million funt sterlingi Tottenhama tölemegine garaşylýar. 2015-nji ýyldan bäri Tottenhamyň köýnekçesini geýip gelýän Dele Alli 269 oýunda 67 gol geçirdi.

Şeýle-de, Ewerton topary Mançester Ýunaýtediň niderland ýarymgoragçysy Donni wan de Beeki hem möwsümiň ahyryna çenli kärendesine düzümine goşdy.