Afrika Milletler Kubogynda Senegalyň ýygyndysyndan soň ikinji finalçy Müsüriň ýygyndysy boldy. Olar ýarym finalda ýer eýeleri Kamerunyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy hem-de goşmaça wagtynda hasap açylmady. Oýundan soňky penalti urgularyndan artykmaçlyk görkezen Müsüriň ýygyndysy Kamerunyň ýygyndysy penalti urgularynyň üçüsini ýerine ýetirip bilmedi. Müsürlilere bolsa takyk ýerine ýetiren 3 penaltisi 10-njy gezek finala finala çykmak üçin ýeterlik boldy. Şeýlelikde, Senegalyň ýygyndysy finalda Müsüriň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu bolsa Liwerpul toparynyň iki ýyldyzynyň – Sadio Mane bilen Mohamed Salahyň ýaşyl meýdançada bu gezek garşydaş boljakdygyny aňladýar. Iki topar mundan öň finalda hiç hili özara duşuşmandy. Afrika Milletler Kubogynda Senegalyň häzirlikçe çempionlygy ýok. Müsür bolsa mundan öňki 9 finalyň 7-sinde kubogy eýeläp, yklymyň rekordyny özünde saklaýar.

Senegal bilen Müsüriň arasyndaky final duşuşygy ýekşenbe güni, ýagny 6-njy fewralda oýnalar.