2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri serhetleri ýapyk duran Awstraliýada pandemiýa çäklendirmeleri gowşadylýar. Ýurt 21-nji fewraldan başlap, waksina alan syýahatçylara we işewürlere serhetlerini açjakdygyny mälim etdi. Awstraliýa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) “Covid-19”-yň ýüze çykandygyny resmi taýdan yglan eden ilkinji günlerinde halkara ýolagçylar üçin serhetlerini ýapypdy. Geçen ýylyň noýabr aýynda ýurt serhet çäklendirmelerini gowşadyp, daşary ýurtly talyplara we immigrantlara giriş-çykyş rugsady berlipdi. Premýer-ministr Skott Morrison hökümet agzalary bilen geçirilen ýygnakda sanjym alanlar üçin serhetleri açmak babatda ylalaşandygyny belledi.