Ýewropanyň iň köp uglewodorod serişdelerini öndürýän ýurtlarynyň biri bolan Norwegiýa ilaty sany hasaba alnanda iň köp elektroulag satylýan döwlet hasaplanýar. Ýurtda 2025-nji ýyldan başlap, adaty ýangyçly ulaglarynyň satuwynyň aradan aýrylmagy maksat edinilýär. Şu ýylyň ilkinji aýynda ýurtda jemi 8 müň ulag satylypdyr. Olaryň 84 göterimini elektroulaglar emele getiripdir. Şeýlelikde, ýurt öz rekordyny täzeläpdir. Ýurtda “Audi Q e-tron”, “Hyundai IONIQ”, “Tesla” we “BMW iX” ýaly dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň has köp satylýandygy mälim edildi.