Çelsiniň marokkoly futbolçysy Hakim Ziýeş geçen hepdäniň ahyrynda tamamlanan Afrika Milletler Kubogy ýaryşyna gatnaşmady. Ol milli ýygyndynyň tälimçisi Wahid Halilhodziç bilen arasyndaky mesele sebäpli Marokkonyň ýygyndysynda oýnamakdan boýun towlapdy. Golaýda bolsa 28 ýaşly Ziýeş milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Ol: “Mundan soň bar küýüm klub futboly bolar. Meniň üçin milli ýygyndy tamamlandy. Gynansagam, milli topara dolanmaryn” diýdi.

Tälimçi bolsa çempionatdan soň beren beýanatynda ýyldyz futbolçyny milli ýygynda çagyrmajakdygyny gaýtalapdy.  Halilhodziç: “Ol milli toparyň halasgäri däl. Milli ýygyndy topar işidir. Ady Lionel Messi hem bolsa, toparymyza zeper ýetirjek futbolçyny çagyrmaryn” diýip, beýanat berdi.

Aslynda ikisiniň arasynda näme bolupdy? Ziýeş şikesini bahana görkezip, tomusda Gana bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda çykyş etmekden ýüz öwrüpdi. Halilhodziç bolsa onuň şikesiniň ýokdugyna garamazdan, oýnamak islemändigini aýdypdy. Şondan soň tälimçi ýarymgoragçyny toparyň Dünýä Kubogynyň saýlama duşuşyklaryna hem-de Afrika Milletler Kubogyna çagyrmady.

Hakim Ziýeş şu wagta çenli milli toparda 40 oýunda 17 gol geçirdi.