Geçen hepdäniň ýekşenbe güni ilkinji gezek Afrika Milletler Kubogynyň çempionlygyny gazanyp, taryhy başarnyk görkezen Senegalyň milli ýygyndysy Sadio Mane ýurdunda uly hormat goýlar. Toparynyň çempion bolmagynda uly rol oýnan 29 ýaşyndaky futbolçynyň ady onuň dogduk mekany, ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Sedhiu şäherinde guruljak stadiona dakylar. Bu barada şäheriň häkimi Abdulaý Diop: “Ol Bambalini we sebitiň esasy şäheri Sedhiunyň adyny dünýä tanatdy. Şäherde gurulýan stadionyň Sadio Maneniň adyny bermek isleýäris. Ol bu hormata aňryýany bilen mynasyp” diýip, çykyş etdi. 25 müň töweregi ilaty bolan şäherde stadionyň gurluşygy dowam edip, onuň gurluşygy 2023-nji ýylda tamamlanar.