Ukrainanyň milli ýygyndysynyň ýyldyz futbolçysy Ýewgeniý Konoplýanka garaşylmadyk topara transfer boldy. Şahtýor Doneskiň 32 ýaşyndaky ýarymgoragçysy Polşanyň Krakowiýa toparynyň düzümine goşuldy. Erkin agent ýagdaýynda klubuny çalşan Konoplýanka täze topary bilen ilki 6 aýlyk şertnama baglaşdy. Şertnamanyň möhleti gerek bolan ýagdaýynda ýene-de bir ýyllygyna uzaldylyp bilner. Dnepr, Sewilýa, Şalke ýaly klublarda oýnan Konoplýanka 2019-njy ýylyň tomsunda Şahtýora geçipdi. Konoplýanka Ukrainanyň milli ýygyndysynda 86 oýunda 21 gezek tapawutlanypdy. Ýeri gelende aýtsak, Konoplýankanyň täze toparynda braziliýaly meşhur futbolçy Riwaldonyň ogly Riwaldinio hem çykyş edýär.