Italiýanyň Wenesiýa şäherinde birnäçe ýyllyk taryhy bolan karnawal guralýar.Lybaslaryň baýramçylygy her ýyl bir şygar astynda geçirilýär. Bu ýylky çäreler “Gelejegi ýatla!” ady bilen geçirilýär. Her ýylyň fewral aýynyň ortasynda başlaýan festiwal 1-nji marta çenli dowam edýär. Geçen ýyl bu festiwal pandemiýa sebäpli ýatyrylypdy. Bu ýyl bolsa, pandemiýanyň howpsuzlyk çäreleri göz öňünde tutulyp geçirilýär. Dünýäniň iň köp syýahatçy çekýän şäherleriniň biri bolan Wenesiýa gelýän myhmanlaryň sany iki ýyldan bäri görnetin pese gaçypdy. Karnawalyň öz işine başlamagy bilen şäheriň myhmanlary artyp başlady. Şeýle hem bu festiwalyň geçirilýän wagty ýurtda pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylýan wagtyna gabat geldi.
Karnawalyň dowamynda ýerli ýaşaýjylar we şäheriň myhmanlary dürli lybaslary geýip, köçelerde gezelenç edýärler, dürli çärelere gatnaşýarlar.
Taryhy
Karnawalyň haçandan bäri geçirilýändigi anyk belli däl. Şeýle-de bolsa, festiwalyň ilkinji gezek 1162-nji ýylda geçirilendigi çaklanylýar. Bu baýramçylygyň bahar paslynyň gelmegi mynasybetli geçirilip başlanandygyna ynanylýar. Bu festiwal 1979-njy ýyldan bäri syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen her ýyl geçirilip gelinýär. Şondan bäri, festiwalyň dowamynda dürli reňkli ýüz örtüklerini dakynan, egin-eşikler geýen adamlar şäheriň köçelerini baýramçylyk ruhuna besleýärler.
Karnawalyň çäklerinde “San Marco” meýdanynda dürli çäreler guralýar, çykyşlar edilýär, ýaryşlar geçirilýär. Festiwalyň dowam edýän günlerinde her gün “Iň gowy lybas we örtük” ady bilen ýaryş geçirilýär. Bu ýaryşa dürli lybaslary geýen adamlar gatnaşýarlar. Emin agzalary bolsa iň owadan lybasy saýlaýar.
Şeýle hem festiwalyň çäklerinde 12 sany gyz halk bilen bilelikde şäheriň köçelerinden ýöräp, “San Marco” meýdanyna barýar.
Karnawalyň dowamynda her gün feýerwerkler, yşyk we ot görkezilişi bolýar.
Karnawalyň soňky güni şäheriň iň uly kanalynda gaýykly çykyşlar guralýar.