Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len yn­san sag­ly­gy ba­ra­da ala­da et­mek, ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir. Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­ny, spor­ty ös­dür­mek­de, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ýyl­la­ry için­de ýe­ti­len sep­git­ler mu­ňa buý­sanç­ly su­but­na­ma­dyr.
Sag­lyk ul­ga­my­na de­giş­li tä­ze bi­na­la­ryň, sport top­lum­la­ry­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­ti­ren ägirt uly iş­le­ri­niň bi­ri-de hal­ky­my­za sow­gat be­ren «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­tap­lary­dyr.

Olar­da Di­ýa­ry­myz­da ös­ýän dür­li ösüm­lik­le­riň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri açy­lyp gör­ke­zil­ýär hem-de ola­ry ulan­ma­gyň usul­la­ry mas­la­hat be­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň we ýaş­la­ryň sag­dyn we ýa­ra­maz en­dik­ler­den ga­ça dur­ma­gy ug­run­da ýa­daw­syz ala­da edil­ýär. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da çi­lim­keş­li­ge gar­şy gö­reş­mek­de köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zy tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek ug­run­da tä­ze mak­sat­na­ma­lar iş­le­nip dü­zül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022-2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy ka­bul edil­di.
Bu mak­sat­na­ma tem­mä­ki­den azat ýurt hu­kuk de­re­je­si­ni kes­git­le­mek bo­ýun­ça mil­li stan­dar­ty dö­ret­mä­ge, bu ba­bat­da sy­ýa­sa­tyň al­nyp bar­ly­şy­na we ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn üns ber­mek bi­len tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek ul­ga­my­ny ber­kit­mä­ge, ila­tyň ara­syn­da tem­mä­ki önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­gi azalt­ma­ga hem-de tem­mä­ki­ni ulan­ma­gyň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri ba­ra­da ila­tyň ha­bar­dar­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem tem­mä­ki­niň ula­nyl­ma­gy­ny bes et­dir­mä­ge we ni­ko­ti­ne bag­ly­ly­gy be­jer­mä­ge gö­nük­di­ri­len luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de tem­mä­kä gar­şy gö­reş­me­giň ta­rap­dar­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­di.
Çi­lim çek­ýän adam­la­ryň ara­syn­da ýü­rek-da­mar, nerw, gö­rüş, eşi­diş, dem alyş, aş­ga­zan-içe­ge ul­gam­la­ry­nyň ke­sel­le­ri, howp­ly tä­ze dö­re­me­ler şeý­le en­di­gi bol­ma­dyk adam­la­ra se­re­de­niň­de köp duş gel­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly iş­ler giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki tüs­se­sin­den azat ýur­da öwür­mek bi­len bag­ly öň­de goý­lan mak­sat di­ňe bir sag­ly­gy go­ra­ýyş hü­när­men­le­ri­niň we­zi­pe­si bol­man, eý­sem, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň bor­jy bo­lup dur­ýar.
Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan hem-de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de çek­ýän tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ne we ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň sag­ly­gy­ny, aba­dan­çy­ly­gy­ny go­ra­ma­ga go­şan uly go­şant­la­ry­na hor­mat hök­mün­de BSGG-niň ýö­ri­te ny­şa­ny­nyň gow­şu­ryl­ma­gy­ «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­ti­ril­ýän­di­gi­niň, dür­li ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ola­ry ýü­ze çy­kar­mak we be­jer­mek bo­ýun­ça iş­le­riň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak wa­jyp iş ha­sap­lan­ýar. Şeý­le il-ýurt bäh­bit­li iş­le­re sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­mek bi­len jo­gap ber­mek bi­ziň her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr. Ýur­du­my­zy sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny­na öw­ren mil­li Li­de­ri­mi­ze köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys.

Şi­rin AL­LA­BER­DI­ÝE­WA,
«Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Bal­ka­na­bat ne­bit­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.