Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, mäh­ri­ban­ly­gy we my­la­ýym­ly­gy, we­pa­ly­ly­gy, gö­zel­li­gi we kä­mil­li­gi özün­de jem­le­ýän türk­men ze­nan­la­ry­na hor­mat, sar­pa go­ýul­ýar. Ze­nan­lar ha­kyn­da­ky ala­da, ola­ryň dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na we umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Mu­nuň özi «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ni giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýan hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň bir bi­te­wü­li­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň eda­ra­la­ryn­da, kär­ha­na­la­ryn­da, mi­nistr­lik­le­rin­de we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş dü­züm­le­rin­de ene­le­re, ge­lin-gyz­la­ra ba­gyş­la­nan dür­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan pul sow­gat­la­ry gow­şu­ry­lar.
Aýal-gyz­lar, ola­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ala­da, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na we umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ha­ky­ky gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, mäh­ri­ban ene­le­ri­mi­zi, ze­nan­la­ry­my­zy sar­pa­la­mak, ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de hem-de kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len maş­ga­la ojak­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny sak­la­mak­da ola­ryň eýe­le­ýän or­nu­na aý­ra­tyn hor­mat goý­mak hal­ky­my­zyň aja­ýyp ýö­rel­ge­si­dir. Ola­ryň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki bag­ty­ýar dur­mu­şy hal­ky­my­zyň, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň buý­san­jy­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ze­nan­la­ry dür­li ul­gam­lar­da öz­le­ri­niň ru­hy, in­tel­lek­tu­al we ah­lak müm­kin­çi­lik­le­rin­den do­ly de­re­je­de peý­da­lan­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň ze­nan­la­ry – tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­my dö­re­di­ji­ler, tu­tan­ýer­li zäh­met­keş­ler bo­lup, mil­le­ti­mi­ziň be­lent ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak we ös­dür­mek bi­len, döw­let hem-de jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Er­kek adam­lar bi­len deň ha­tar­da döw­let hä­ki­mi­ýe­ti we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da, ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýär­ler, te­le­ke­çi­lik iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar, Wa­ta­ny­my­zyň ägirt uly ga­za­nan­la­ry­na uly go­şant goş­ýar­lar.
Türk­men ze­nan­la­ry­na görk-gör­me­gi, eli çe­per­li­gi, mäh­rem­li­gi, eda­ly­ly­gy, we­pa­dar­ly­gy, ham­rak­ly­gy bol­luk bi­len eçi­len te­bi­gat ola­ra eg­sil­mez güýç-gaý­rat, kuw­wat be­rip­dir. Ag­ras­ly­gy, akyl­ly­ly­gy il­kin­ji no­bat­da goý­ýan ata-ba­ba­la­ry­myz ze­nan­lar üçin al­tyn ça­ýy­lan şaý-sep­le­ri ýa­sap­dyr­lar.
Ene ýü­re­gi­niň mäh­ri, ene eli­niň ýy­ly­sy, enä­niň şi­rin hüw­dü­si yn­sa­nyň kal­by­na ba­ky or­nan gym­mat­ly mu­kad­des­lik­dir. Enä­niň päk kal­byn­dan ço­gup çyk­ýan hüw­dü­si mä­hir söý­gü­si­dir, ýü­rek mu­ka­my­dyr. Ze­nan ýü­re­gin­den çyk­ýan al­kyş­lar has üýt­ge­şik bol­ýar. Ol al­kyş­lar, ar­zuw­ly söz­ler yn­san ýü­re­gi­ni kö­ker­ýär. Mil­le­ti­mi­ziň ulu­sy-ki­çi­si ze­nan sö­zü­niň gud­rat­ly güý­jü­ne be­lent sar­pa goý­ýar.
Ene­ler we ça­ga­lar ba­ra­da­ky ala­da, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­ny sak­la­mak, ge­lin-gyz­la­ryň dö­re­di­ji­lik we aň-bi­lim kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da enä­niň we ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ba­bat­da ka­nun­çy­lyk ul­ga­my kä­mil­leş­di­ril­ýär, ola­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, ça­ga­la­ryň do­ly de­re­je­li ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra dur­muş gol­da­wy­ny ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Gu­ja­gy ba­har-ýaz­ly, aý­dym-saz­ly, döw­let­li-döw­ran­ly, gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da öý-oja­gyň eýe­si bo­lan ze­nan­la­ra go­ýul­ýan sar­pa ulu­dyr. Bar­ly­gy­my­zyň gül görk­li ze­nan­la­ry, si­ziň nur­dan do­ly nu­ra­na, owa­dan ýü­zü­ňiz el­my­da­ma ýyl­gy­ryp dur­sun!
Ýur­du­my­zyň aýal-gyz­la­ry döw­le­ti­miz­de oňyn öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dö­re­di­ji­li­giň mö­hüm şer­ti bo­lan aba­dan dur­mu­şyň üp­jün edil­me­gi ug­run­da ähli şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Prezidentimi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan ed­ýär­ler.

Gur­ban­sol­tan AN­NA­MU­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.