Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan, BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek baradaky oňyn başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň ýaly çäreler umumy wajyp işe dahylly bolmak isleýän adamlary ýakynlaşdyrýar.
Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak köptaraply işi özünde jemleýär. Şunda bagy-bossanlyklary, gül-gülälekli zolaklary döretmäge, howanyň düzümine zyýanly gazlary goýberýän önümçilikleri ilatly ýerlerden belli bir daşlykda ýerleşdirmäge, önümçilik galyndylaryny gaýtadan işläp, olary önümçiligiň beýleki bir ugrunda peýdaly ulanmak ýaly başlangyçlara möhüm üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda önümçilige zyýansyz, ýagny «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze gurlup ulanylmaga berilýän zawodlardyr fabriklerde zyýanly gazlaryň möçberini düýpli peseldýän tehnologiýalary ulanmak üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde millionlarça düýp bag nahallarynyň ekilmegi indi asylly däbe öwrüldi.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda 2022-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.
Bilşimiz ýaly, geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp bag nahaly oturdylan bolsa, 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz boýunça 25 million düýp bag nahaly ekildi.
Bag ekmek, gül-çemenlikleri döretmek häzirki döwürde Aral deňzi bilen bagly sebitde dörän ýaramaz ýagdaýlaryň täsiriniň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda ýurdumyzyň çäklerinde, esasan-da, Daşoguz welaýatynda, Bötendag sebitlerinde döredilen ýaşyl zolaklaryň peýdasy ilkinji pursatlardan başlap aýdyň duýuldy.
Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp tebigatymyzy öwrenmek, goramak, ony baýlaşdyrmak meselelerine örän uly üns bermegi bilen, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnama durmuşa geçirilýär.
Tebigat gözelliklerini gorap saklamak we ösdürmek babatda alnyp barylýan tutumly işler ýurdumyzyň, tutuş sebitiň ekologiýa derejesini gowulandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ekologiýa syýasatynyň netijesinde, ekologiýa taýdan arassa ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň her biri halka, umumadamzat bähbitlerine hyzmat etmegiň beýik göreldesi hem ýörelgesidir.
Orazgül MAMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.