«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da ba­ha­ryň ba­şyn­da baý­ram edi­len Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni aý­ra­tyn joş­gu­na bes­len­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de Ga­raş­syz hem ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ze­nan­la­ry yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Ola­ryň ara­syn­da ba­şar­jaň ýol­baş­çy­lar, alym­lar, mu­gal­lym­lar­dyr luk­man­lar, te­le­ke­çi­ler, de­pu­tat­lar hem-de dip­lo­mat­lar bar. Ýö­ne şol bir wagt­da biz ola­ryň, il­kin­ji no­bat­da, ala­da­çyl ene­ler­di­gi­ni, we­pa­ly ýan­ýol­daş­lar­dy­gy­ny, mä­hir­li uýa­lar we gyz­lar­dy­gy­ny, maş­ga­la ojak­la­ry­nyň eýe­le­ri­di­gi­ni, edep-ek­ra­myň, we­pa­ly­ly­gyň hem-de gö­zel­li­giň nus­ga­sy bo­lup dur­ýan­dyk­la­ry­ny ýat­dan çy­kar­ma­ly däl­di­ris.
Her ýyl­da däp bo­lup gel­şi ýa­ly, Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň köp ça­ga­ly ene­le­ri­ne «Ene mäh­ri» at­ly hor­mat­ly ady dak­ma­gy, şeý­le hem kär­ha­na­lar­da we eda­ra­lar­da iş­le­ýän, hor­mat­ly dynç alyş­da­ky zenanlara, mek­dep­ler­de okaýan we ça­ga­lar bag­la­ryn­da ter­bi­ýe­len­ýän gyz­lar­a pul sow­gat­la­ry­nyň gow­şu­ryl­ma­gy ze­nan­la­ry diý­seň buý­san­dyr­ýar.
Ata Wa­ta­ny­myz­da mil­li ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da ene­le­ri­miz döw­let de­re­je­sin­de uly hor­ma­ta we sar­pa my­na­syp. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Türk­me­nis­ta­nyň be­lent ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, pa­ra­sat­ly däp-des­sur­la­ry­ny we adat­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­ýan ene­le­ri­miz mil­le­tiň ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek­de, saz­la­şyk­ly ös­ýän ýaş nes­li – Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ni ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek­de bi­tir­ýän iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ese­rin­de hem ene mu­kad­des­li­gi açy­lyp gör­kez­ýär. Bu eser­de enä bo­lan be­lent buý­sanç, sar­pa, ga­dyr-gym­mat ör­bo­ýu­na gal­ýar. Ene mu­kad­des­li­gi be­ýik söz sun­ga­ty­nyň üs­ti bi­len çäk­siz yl­ham, joş­gun bi­len be­ýan edil­ýär. Eser­de ene baş­lan­gyç, äh­li za­dyň sa­ka­sy hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Ene öz per­zen­di­ne edep-ter­bi­ýe ber­mek bi­len, tä­ze bir dün­ýä­niň baş­lan­gy­jy­ny goý­ýar, tä­ze şah­sy­ýet öz ene­sin­den alan asyl­ly ah­la­gy, ter­bi­ýe­si, ýag­şy gö­rüm-gö­rel­de­si esa­syn­da tu­tuş bir ýur­dy, bü­tin dün­ýä­ni öz­gert­mä­ge, has hem gö­zel­leş­dir­mä­ge ukyp­ly bol­ýar.
Ze­nan­la­ryň ze­hi­ni hem paý­ha­sy maş­ga­la­nyň berk­li­gi­niň bin­ýa­dy. Ze­nan­la­ryň akyl-paý­ha­sy­na we ola­ryň aja­ýyp sun­gat­la­ry­na goý­lan be­lent sar­pa her bir maş­ga­la­nyň berk­li­gi­niň, mi­ze­mez­li­gi­niň ke­pi­li bo­lup dur­ýar.

Nur­ly HU­DAÝ­WE­RE­NOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.