Hytaýyň Hunan welaýatynyň Çžanszýasze milli seýilgähinde gurlan Baýlun lifti ululygy bilen haýran galdyrýar. Äpet gaýanyň gyrasynda gurlan desganyň beýikligi 330 metre ýetýär. Liftiň daş-töwereginiň aýna bilen örtülmegi ýolagçylara tebigaty synlamaga mümkinçilik berýär. Liftiň gurluşygy 1999-njy ýylyň oktýabr aýynda başlanyp, 2002-nji ýylda tamamlanýar. Agramy 3750 kilograma ýetýän üç kabinadan ybarat bolan liftiň her kabinasy 48-50 ýolagça niýetlenip, seýsmiki sensorlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýer syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biridir. «Ýüz aždarhanyň lifti» ady bilen meşhurlyk gazanan desga 2015-nji ýylyň 15-nji iýulynda ýük göterijiligi we tizligi babatda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ony gurmak üçin 180 million dollar sarp edilipdir. Täsin tebigy künjekde ýerleşýän lift 2002-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hem girizildi. Bu lifte münmäge isleg bildirýänler şeýle köp bolansoň, oňa münmek üçin 4 sagatlap garaşmaly bolýar.
Iň ýokary tizlikli lift
«Mitsubishi» kompaniýasy diňe awtoulaglary däl, eýsem, beýleki maşynlary hem öndürýär. Dünýäniň iň ýokary tizlikli liftlerini hem bu kompaniýa öndürýär. «Mitsubishi Electric»-iň öndüren liftleriniň tizligi minutda 1230 metre, sekuntda 20,5 metre ýetýär. 2016-njy ýylda iň çalt we iň beýik lift üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna giren «Mitsubishi Electric» kompaniýasy Hytaýyň iň beýik binasy bolan 632 metrlik Şanhaý diňinde üç sany lift gurdy. Ýapon kompaniýasynyň işläp taýýarlan bu lifti dolandyryş paneli we enjamyň çekiş öndürijiligini ýokarlandyrýan tizlik sazlaýjy, tormoz ulgamy we bamper ýaly howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu tehnologiýa liftiň howpsuzlygyny, ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün edýär. Bu lift ýerzemin gatdan 119-njy gatdaky synlaýyş gatyna bary-ýogy 53 sekuntda baryp bilýär. Bu desga tizligi 150-den 480 metr/sekunda çenli 64 sany orta we ýokary tizlikli liftler, şol sanda umumy aralygy 578,55 metre ýetýän 2 sany gyssagly lift bilen üpjün edildi. Şanhaý diňinde 20 sany iki gatly liftler bolup, olaryň 8-siniň tizligi 600 metr/sekunda we 12-siniň tizligi 105 metr/sekunda ýetýär.
Şanhaý diňi Hytaýyň Şanhaý şäherindäki Pudun Luszýaszuý maliýe we söwda etrabynda ýerleşýär. 632 metr beýiklikdäki binada ofisler, myhmanhana, maslahat we sergi zallary, restoran, söwda, medeni we syýahatçylyk merkezleri bar.