“Hollywood”-yň meşhur aktýory, oskarly William Hýort (William Hurt) 71 ýaşynda aradan çykdy. 1980-nji ýyllarda uly şöhrat gazanan aktýoryň doglan gününden bir hepde öň aradan çykandygyny maşgalasy gynanç bilen habar berdi. 1950-nji ýylyň 20-nji martynda Waşingtonda dünýä inen William Hýort ilkinji filmi “Altered States” ekran eserinde surata düşýär. Bu filmdäki keşbi oňa Altyn globusda iň täze aktýor ugry boýunça dalaşgärlik gazandyrýar. Aktýor 1985-nji ýylda “Möý zenanyň posasy” (Kiss of the Spider Woman) filmindäki keşbi üçin iň gowy aktýor ugrundan Oskar baýragyny gazanýar. Bu film oňa diňe Oskar däl, BAFTA, Kann film festiwalynda we başga-da birnäçe arzyly baýraklar gazandyrýar.1986-njy ýylda “Başgasynyň çagalary” (Children of a Lesser God), 1987-nji ýylda “Teleýaýlym habarlary” (Broadcast News) filmindäki keşpler üçin bassyr 3 gezek Oskara dalaşgär görkezilýär.70 töweregi filmde ululy-kiçili keşpleri janlandyran aktýoryň “Alice” (1990), “The Doctor” (1991), “Second Best” (1994), “Jane Eyre” (1996), “Dark City” (1998), “Lost in Space” (1998),  “Sunshine” (1999), “A.I. Artificial Intelligence” (2001), “The Village” (2004), “Syriana” (2005) “A History of Violence” (2005), “Into the Wild” (2007), “Damages” (2007) “Robin Hood” (2010), şeýle-de “Marvel”-iň önümleri bolan “The Incredible Hulk” (2008) “Captain America: Civil War” (2016), “Avengers: Infinity War” (2018), “Avengers: Endgame” (2019) ýaly surata düşen filmleri bellenmäge mynasypdyr. Onlarça teleserialda hem dürli keşpleri ýerine ýetiren aktýoryň 4 çagasy bar.