Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy babatda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Çagalar baglary, ähli okuw mekdepleri dünýäniň iň ösen innowasiýalary bilen enjamlaşdyrylýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge uly ýardam berýär. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş neslimiz sanly ulgam arkaly halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda çagalara, ýaşlarymyza ylym-bilimiň gazananlaryny öwretmek, orta we ýokary okuw mekdepleriniň sanly ulgamlaryny bir umumy tora birikdirmek arkaly ýurdumyzyň bilim portalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler oňyn netije berýär.
Täze taryhy döwür jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, milli düşünjäni kemala getirmäge, halkymyzyň intellektual derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bu döwürde Türkmenistanda bilimi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. «Bilimli nesil – kuwwatly döwlet» diýen şygar astynda kämil şahsyýeti kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sany artýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary özleşdirilýär. Döwrüň talabyna görä bilim ulgamynda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, ynsanperwer däpler hem-de dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesi nazara alynýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beden we ruhy taýdan kämil, döwrebap bilimlere we ýokary tehnologiýalara, öz intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ukyply nesli terbiýelemek boýunça ylma esaslanýan düýpli işler durmuşa geçirilýär.
Ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimedia tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle-de, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň zehinini ösdürmek üçin daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýulýar. Ýylyň-ýylyna ýaşlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän taslama, ders bäsleşiklerine, internet ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Bu üstünlikleri ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ýeten sepgitleri bilen baglanyşdyrmak mümkin. Şeýle beýik işler bolsa eziz Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine göterýär.
Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşmagy bilen dünýä dillerini öwrenmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Köp dil bilmek dünýäniň dürli ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylmagy, ylmyň gazananlarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.
Köp dil bilmek babatynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi daşary ýurt dillerini öwrenmäge döwlet derejesinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi. Bu kabul edilen Konsepsiýa laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmakda öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak we milli bilim ulgamynyň ähli derejelerinde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň giň toplumy amala aşyrylýar.
«Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Akyl ylmyň hyrydary», «Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat», «Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag», «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al – daşa ýaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň» ýaly jümleler beýan edilýär.
Nakyllar halkyň durmuş tejribesi, ýaşaýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan pähimler halkymyzyň ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip ýetişdirmek bilen bagly durmuş tejribesiniň netijesidir. Şeýle asylly ýörelgeler bu günki günde möhüm ugurlaryň birine öwrülýär. Çünki türkmen halky ýedi hazynanyň birini ylym-bilim bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi halkymyzyň ylma-bilime nähili sarpa goýýandygyny görkezýär. Bu asylly ýörelgäni dowam etmek bilen, ýaşlarymyza ylmyň iň täze gazananlary, täze tehnologiýalar, sanly mümkinçilikler çuňňur öwredilýär.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmäge we ýaýratmaga, durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda bilim bermegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli işleriň esasy ugrudyr.
Jemal ATAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we
leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy.