Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý döredijilikli durmuşynyň gülläp ösýän taryhy zamany hökmünde özüniň kämil derejesine ýeten ylym-bilim, medeniýet ulgamy bilen has-da pugtalanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň özgerýän we ösýän döwründe kitaphana gaznalaryny gorap saklamagy üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmak, ýaşlaryň ylym-bilim derejesini ýokarlandyrmak şu günki günde esasy talaplaryň birine öwrüldi.
Halkymyzyň kitaba bolan çuňňur garaýşyny häzirki bagtyýar günümizde hem aýdyň görýäris. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda kitaba bolan hormat, kitaba bolan söýgi mese-mälim artdy. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady we medeni syýasaty netijeli täsir edýär.
Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy bolan kitaphanalar adamlaryň ylym-bilim almagyna, kämillige ýetmegine, düşünjesiniň artyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet – halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär» diýip belleýär.
Kitaba söýgi çagalykdan başlanýar. Degişli hünärmenler çagalaryň 2 ýaşyndan başlap, suratly kitaplar bilen gyzyklanmaga başlaýandygyny aýdyp, ene-atalaryň çagalara kitap okamaga höwes döretmegini hem-de bileje kitap okamagy maslahat berýärler. Bäbekler kitaby oýunjak hökmünde görýärler, 2 ýaşyndan soň bolsa çaga suratlara üns bermäge başlaýar.
Her bir kitap özboluşly bir dünýä. Her täze zady göreniňde täze zatlary öwrenmek höwesi, täzeçe pikirlenmek ukyby ösýär. Owadan, gözel zatlar elmydama oňyn täsir edýär. Kitaplar dürli ýaşdaky okyjylara niýetlenip, arassa paýhasy, sagdyn terbiýäni, kämillige ymtylyşy, halallyk terbiýesini ündeýän eserler her biri çaga üçin täze dünýä, täsin älem.
«Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitaby magşuk saý, özüňi – aşyk», «Kitap ene – ataň ýaly tebiýeçidir», «Kitaby har saklamak günädir», «Kitap okan magnydan dokdur», «Kitapsyz okalmaz, merduwansyz çykylmaz» diýen ýaly pähimleri döreden türkmen halky kitaba çäksiz hormat goýupdyr.
Şatmuhammet MEREDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.