Dünýä futbolynyň hojaýyny FIFA milli ýygyndylaryň arasyndaky täze reýtingini mälim etdi. Sanawda utugyny 1832,69-a çykaran Braziliýanyň ýygyndysy reýtingiň täze lideri boldy. Sambaçylar 5 ýyldan soň birinji orna çykmagy başardy. Ozalky birinji Belgiýa 2-nji orna düşdi. Olaryň 1827 utugy bar. 3-8-nji ýerlerdäki toparlaryň orny üýtgemän, Fransiýa, Argentina, Angliýa, Italiýa, Ispaniýa hem-de Portugaliýa ýerlerini saklamagy başardy. 3 basgançak beýgelen Meksika 9-njy, ornuny saklamagy başaran Niderlandlar 10-njy ýeri eýeledi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy ozalky ornuny (134-nji) bu gezekki sanawda-da saklady.

Soňky sanawa görä, öňki ornundan has aşak düşen Azerbaýjan bilen Somaliniň ýygyndylary bolup, ikisi-de 8 basgançak pese gaçdy. Kosta Rikanyň ýygyndysy-da 11 basgançak beýgelmegi başardy. 5 duşuşyk geçiren Täze Zelandiýanyň ýygyndysy 41 utuk toplady.

  1. Braziliýa – 1832,69 utuk
  2. Belgiýa – 1827
  3. Fransiýa – 1789,85
  4. Argentina – 1765,13
  5. Angliýa – 1761,71
  6. Italiýa – 1723,31
  7. Ispaniýa – 1709,19
  8. Portugaliýa – 1674,78
  9. Meksika – 1658,82
  10. Niderlandlar – 1658,66
  11. Daniýa – 1653,6
  12. Germaniýa – 1650,53
  13. Urugwaý – 1635,73
  14. Şweýsariýa – 1633,72
  15. ABŞ – 1633,72
  16. Horwatiýa – 1621,11
  17. Kolumbiýa – 1600,52
  18. Uels – 1588,08
  19. Şwesiýa – 1584,77
  20. Senegal – 1584,16