Dünýä futbolyň iň uly ägirtlerinden, argentinaly ýyldyz, merhum Diego Maradonanyň taryhy futbolkasy auksionda satuwa çykarylar. Ýyldyz oýunçynyň 1986-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň ýarym finalynda Angliýanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşykda geýen futbolkasynyň auksionda 5,25 million dollar töweregi bahadan satylmagyna garaşylýar. Maradona şol futbolka bilen Angliýanyň derwezesinden 2 ýatdan çykmajak taryhy gol geçiripdi. Ol olaryň birinjisini eli bilen geçirip, goldan soňam «Taňrynyň eli» diýip beýanat beripdi. Ýyldyz oýunçy meýdançanyň orta gürpünden alan topy bilen öňüne çykan iňlis futbolçylary, soňunda-da derwezeçini aldap, duşuşykdaky 2-nji goluny geçiripdi. Bu gol geçen asyryň iň owadan goly diýlip saýlanypdy. Häzirki wagtda Maradonanyň şol futbolkasy angliýaly ýarymgoragçy Stiw Hojda bolup, ol oýundan soň super ýyldyz bilen futbolkasyny çalyşypdy.

20-nji aprelden 4-nji maý aralygynda boljak auksion onlaýn usulda geçiriler. Auksion Londondaky Sotheby’s auksion öýünde guralar.

Ýeri gelende aýtsak, auksionlarda şu wagta çenli satylan iň gymmat forma amerikaly meşhur oýunçy (amerikan futboly oýnunyň super ýyldyzy), «Ýankis» toparynyň ýyldyzy Beýbi Rutuň köýnekçesidir. Ol 5,64 million dollara satylypdy.