Tebigatda özüniň gözel keşbi bilen göze ilýän durnalar maşgalasyna degişli bolan täsin Şa durna (latynça Balearica pavonina) hem owadan guşlaryň biridir. Bu jandar Gündogar we Günbatar Afrika sebitleriniň oturymly guşudyr. Bu guş durnalaryň beýleki görnüşlerinden käbir beden aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Iri göwrümli bu guşuň boýy 1 metre, ganatlarynyň gerimi 2 metre, agramy 4-5 kilogramma çenli ýetip bilýär. Bedeniniň köp bölegi gara ýa-da garamtyl çal reňklidir. Ganatlarynyň aşak ýüzüniň ýokarky bölegi ak reňkli ýeleklerden ybarat.  Durnanyň bu görnüşiniň kellesinde täç ýaly altyn reňkli ullakan hüpügi bar. Ýaňaklarynda gyzyl we ak reňkli tegmilleri bar. Boýnunyň aşagynda kiçeňräk boýun haltajygy bolýar. Çüňki kiçi we gara reňklidir. Gara reňkli uzyn aýaklaryndaky yzky barmagy-da uzyndyr. Bu bolsa olara şahada deňagramlylygyny saklap, mäkäm durmaga ýardam edýär.

Şa durna açyk giňişliklerde, batgalyk ýerlerde, süýji suwuň boýlarynda we suwarymly meýdanlaryň töwereklerinde ýaşamagy halaýar. Gündiz işjeň bolýar. Gijelerine agaçlaryň şahasynda ýatýar. Köpeliş döwrüne çenli topar bolup ýaşaýar. Ýagyşly döwrüň başlanmagy bilen jübüt-jübüt bolup ýaşaýarlar. Bu guşlaryň köpeliş döwri ýagyşly döwre gabat gelýär. Şa durna suw gurşawyna golaý bolan ýeriň ýüzünde tegelek görnüşli höwürtge edinýär. Durna 2-5 aralygynda tegmilsiz mawy ýa-da gülgüne reňkli ýumurtga guzlap, 28-31 gün aralygynda basyp oturýar. Ýumurtgadan çykan jüýjeler 60-100 gün aralygynda ganatlaryny gerip uçuş etmäge taýýar bolýarlar.

Şa durna adamdan ürkmeýär. Ol otjumak ösümlikleriň baldaklary, tohumlary, mör-möjekler we ownuk oňurgaly jandarlar bilen iýmitlenýär. Käbir Afrika döwletlerinde bu guş öý şertlerinde saklanýar.

Şa durna ýaşaýan arealynyň azalandygy sebäpli goraga mätäç görnüş hökmünde Halkara Gyzyl kitaba girizildi.

Aziza FURKATŽANOWA, 

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň  ylym bölüminiň ylmy işgäri.