Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli ugurlaryny ösdürmek, şonuň bilen bir hatarda halkyň saglygyny berkitmek barada taýsyz tagallalar edilýär. Ilat arasynda sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy hökmünde adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, kadaly iýmitlenmekleri, zyýanly endiklerden daş durmaklary, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmaklary, ruhy taýdan sagdynlyk, arassa howada işjeň hereket etmek we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün sagdyn durmuşyň, bagtyýarlygyň binýady bolan sportuň welosiped görnüşi has-da uly meşhurlyga eýedir.

Welosipediň we onuň bilen baglanyşykly sport görnüşleriniň döreýiş taryhyny bilmek gyzykly bolsa gerek. Ol häzirki kämil görnüşine gelýänçä, dürli ýyllarda dürli görnüşlerde bolupdyr. Welosipediň oýlanyp tapylan wagty 1817-nji ýyl diýlip çaklanylýar. Şol ýyllar germaniýaly Baron fon Drez “Dendiniň aty” atly welosipedi döredýär. Şondan 23 ýyl soň – 1840-njy ýylda şotlandiýaly Makmillan welosipediň has kämilleşen – yzky tigrini herekete getirýän ryçag goýlan görnüşini ýasaýar. 1865-nji ýylda bolsa Fransiýada ilkinji welosiped döredilýär. Onuň iki tigriniň ululygy deň bolup, oturgyjy yzky tigirden sähel öňde ýerleşipdir.

XIX asyryň 80-90-njy ýyllaryny welosipediň kämilleşdirilen ýyllary bolýar. 1885-nji ýylda has döwrebap welosiped oýlanyp tapylýar. Bir ýyl geçenden soň, welosipediň pedalyna saklaýjy abzal, birnäçe wagtdan soň bolsa ruluna saklaýjy abzal goýupdyrlar. Şeýdip welosipediň has kämilleşen görnüşleri halk köpçüligine ýaýrapdyr. Adamlar welosiped sürmegiň adam saglygyny berkidýändigine we birnäçe keseliň öňüni almak bolýandygyna düşünip başlapdyrlar. Hut şu nukdaýnazardan hem XX asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap welosiped sürmek bilen meşgullanmak has ýörgünli bolup başlaýar.

Welosiped sürmek adamyň saglygyna oňaýly täsir edýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak beden myşsalarynyň we immunitetiň berkemegine ýardam berýär. Bedeniň ähli myşsalary herekete gatnaşýar, bedende madda çalşygy güýçlenýär, dem alyş çuňlaşýar we öýkeniň howa çalşygy ýokarlanýar. Welosiped sürmek bedeniň durkuny berkitmek, dem alyş ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň işiniň gowulaşmagyna, bedeniň ýokanç kesellerden goraýjylyk ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Yzygiderli welosiped sürmek bedeniň myşsalarynyň berkemegine, çydamlylyga we güýçli bolmaga mümkinçilik berýär.

Welosiped sürlende ýürek urşunyň sazlaşygy duýulýar. Mundan başga-da, welosiped sürmek göz we görüş üçin hem örän peýdalydyr. Açyk howada, gözel tebigatda welosiped sürmek has-da jana ýaramlydyr. Şunda uzak aralyga seredip, daşky zatlary saýgarmak bilen, gözüň myşsalarynyň berkemegine we şowakörlük keseliniň öňüniň alynmagyna mümkinçilik döreýär. Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň biridir. Welosipedde gezelenç etmek ömrüňe ömür goşýar.

Häzirki wagtda welosiped sportunyň onlarça görnüşi bolup, olaryň birnäçesiniň olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi sportuň bu görnüşiniň diýseň ýörgünlidiginden habar berýär. 1896-njy ýylda geçirilen ilkinji Tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň arasynda welosipedçileriňem ýaryşa goşulandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Şonda olar 87 kilometr aralyga bäsleşipdirler. Ýöne welosiped ýaryşlaryny guramak ilkinji Olimpiadadan has öňräk ýoň bolupdyr. 1869-njy ýylda Pariž-Ruan aralygynda uzaklygy 120 kilometre deň bolan welosipedli ýöriş geçirilipdir.

Şunuň bilen baglylykda, ýapyk we açyk binalar üçin niýetlenen ýörite welotreklerde, ýagny ýörite weloýodalarda guralýan welosport ýaryşlary, gara ýollarda çekilen weloýodalaryň esasynda guralýan welosiped ýaryşlary, welosiped arkaly beýikli-pesli ýerlerde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmek üçin guralýan bäsleşikler, dag welosipedi – mauntenbaýk arkaly dag ýodalarynda guralýan bäsleşikler bardyr. Ähli welosport oýunlarynyň maksady çaltlyk bilen belli bir aralykdaky kynçylyklary ýeňmek, ony bilen berk dolandyrmak we şol bir wagtyň özünde dörän kynçylyklary ýeňmegiň usullary bilen bagly tiz çözgüt çykarmakdyr.

Şeýlelikde, welosiped eýýäm iki asyrdan gowrak wagt bäri ygtybarly, ekologiýak taýdan arassa we elýeterli ulag hökmünde ulanylýar. Bu bolsa daşky gurşawy aýawly saklamaga we saglygy berkitmäge kömek berýär.

Meret Meredow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň fizika-matematika ylymlarynyň doktory, dosent