Pal­ma Ju­meý­ra (BAE). Adam eli bi­len dö­re­di­len bu ýa­rym ada Du­baý­da de­ňiz ke­na­ryn­da ýer­leş­ýär. Bu ada 2001-2006-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da deň­ziň gö­mül­me­gi bi­len gu­rul­ýar. Ada­nyň umu­my meý­da­ny 31 ine­dör­dül ki­lo­met­re deň bo­lup, onuň uzyn­ly­gy 5 ki­lo­metr­dir. Tä­sin ada ýo­kar­dan se­re­di­len­de pal­ma aga­jy­ny ýat­lad­ýar. Şo­nuň üçin oňa suw­da­ky Pal­ma ada­sy hem di­ýil­ýär. Bu ada ma­te­rik bi­len di­ňe 300 metr­lik köp­ri ar­ka­ly bir­le­şen­dir.
Gur­jak­lar ada­sy (Mek­si­ka). Bu ada dün­ýä­niň tä­sin ada­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, bu ýer­dä­ki agaç­la­ryň şa­ha­la­ry gur­jak­lar­dan do­ly. Ada­nyň ady Don Hu­lio ta­ra­pyn­dan da­kyl­ýar. Se­bä­bi, onuň özi bu ýer­de il­kin­ji bo­lup, aga­ja gur­jak as­ýar. Şon­dan bä­ri hem ada­da­ky agaç­la­ra gur­jak as­mak ýer­li halk üçin dä­be öw­rü­lip­dir. Soň­lu­gy bi­len bu ada ja­han­keş­de­le­riň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Bu ýe­re bar­ýan ja­han­keş­de­ler hem agaç­la­ry gur­jak bi­len be­ze­ýär­ler.
San­ta Kruz (Ko­lum­bi­ýa). Bu ada­nyň meý­da­ny ba­ry-ýo­gy 9 müň 700 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar­dyr. Te­bi­gy taý­dan örän aras­sa bo­lan bu ada­da 1200 adam ýa­şa­ýar. Bu bol­sa dün­ýä­de ila­tyň gür­lü­gi ba­bat­da meş­hur ýer­le­riň bi­ri bo­lan Nýu-Ýor­kuň Man­het­ten et­ra­byn­dan iki es­se köp­dü­gi­ni aň­lad­ýar. Ini 200 met­re, uzyn­ly­gy 60 met­re ba­ra­bar bo­lan ada­da 90 jaý (kö­pü­si 2-3 gat­ly), 2 dü­kan, mek­dep we res­to­ran bar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy Gün pa­ne­li bi­len iş­le­ýän ge­ne­ra­tor ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­ýär. Ada­nyň ýa­şaý­jy­la­ry beý­le­ki ada­lar­da iş­le­ýär­ler. Ýa­şaý­jy­la­ry şeý­le bir ag­zy­bir we­lin jaý­la­ryň ga­py­sy hiç ha­çan gulp­lan­ma­ýar.
Dio­mi­da ada­la­ry (ABŞ we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy). Be­ring bo­ga­zyn­da­ky Dio­mi­da ada­la­ry iki ada­dan yba­rat bo­lup, Uly Dio­mi­da ada­sy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na, Ki­çi Dio­mi­da ada­sy bol­sa ABŞ-nyň dü­zü­mi­ne gir­ýär. Ada­la­ryň ara­syn­da­ky uzak­lyk ba­ry-ýo­gy 3,8 ki­lo­met­re deň bol­sa-da, ola­ryň ara­syn­da 23 sa­gat­lyk wagt ta­pa­wu­dy bar. Se­bä­bi iki ada­ny sa­gat gu­şak­ly­gy­nyň çy­zy­gy bö­lüp aýyr­ýar. Ýag­ny bu ýe­ri gü­nüň baş­lan­ýan ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Şo­nuň üçin hem ola­ry «gi­je ada­sy» we «gün­diz ada­sy» di­ýip hem at­lan­dyr­ýar­lar.
Wul­kan no­ka­dy (Fi­lip­pin­ler). Bu ada­nyň tä­sin ta­ra­py «ada­nyň için­dä­ki ada» bol­ma­gy­dyr. Fi­lip­pin­ler gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da, Ýu­waş um­ma­nyn­da je­mi 7000-den gow­rak ada­dan yba­rat ýurt­dur. Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Lu­zon ada­syn­da­ky Ba­tan­gas we­la­ýa­tyn­da Ta­al at­ly köl bar. Kö­lüň or­ta­syn­da Ta­al ada­sy bar. Oňa Ta­al wul­ka­ny hem diý­il­ýär. Onuň or­ta­syn­da bol­sa, ki­çi­räk ýe­ne bir köl bar. Bu kö­lüň or­ta­syn­da-da Wul­kan no­ka­dy («Vulcan Point») at­ly ada­jyk bar. Hut şu aý­ra­tyn­lyk sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär.
Maw­ri­ki­ý ada­sy (Af­ri­ka). Bu ada Af­ri­ka­nyň Şa­ra­mel at­ly ki­çi­jik oba­sy­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýär. Bu ada­da çä­ge­lik meý­dan­da älem­go­şa­ryň reňk­le­ri ýa­ly 7 dür­li öwüş­gi­ni gör­mek bol­ýar. Bu reňk­ler wul­kan­la­ryň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Dür­li reňk­de öwüs­ýän bu ýe­riň top­ra­gy­nyň dü­zü­min­de de­mir hem-de al­ýu­min me­tal­la­ry bar. Bu ýer­de yzy­gi­der­li ýag­ýan tro­pi­ki ýa­gyş­lar reňk­le­riň ga­ryş­ma­gy­na ýa-da ýi­tip git­me­gi­ne as­la tä­sir et­me­ýär.
So­kot­ra ada­sy (Ýe­men). Ada­nyň ho­wa­sy ys­sy we şe­mal­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ada­da ak reňk­li çä­ge alaň­la­ry ýel se­bäp­li öz şe­ki­li­ni yzy­gi­der­li üýt­ge­dip dur­ýar. Ýag­ny bir de­pä­niň bir hep­de­den soň­ra ol ýer­de bol­maz­ly­gy müm­kin. Wul­kan he­re­ket­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de dö­rän dag­la­ryň be­ýik ge­riş­le­rin­dä­ki ümür bol­sa, bu ýe­ri ygal bi­len üp­jün ed­ýär. Ne­ti­je­de, ada­da Azi­ýa­nyň iň baý flo­ra­sy eme­le ge­lip­dir. Bu ýer­dä­ki süý­re­ni­ji­le­riň 90 gö­te­ri­mi en­de­mik, ýag­ny di­ňe şu ada­da ga­bat gel­ýär. Şeý­le hem ada­da dün­ýä­niň baş­ga ýer­le­rin­de duş ge­lme­ýän 300 tö­we­re­gi ösüm­lik bar.