Germaniýanyň çempionatynda “Bundesliganyň” 63-nji möwsüminiň çempiony “Bawariýa” boldy.

30-njy tapgyrda 2-nji ýerdäki “Borussiýa Dortmundyň” myhmançylykda “Hoffenhaýmdan” 2-1 hasabynda ýeňilmeginden soň, “Ştutgarty” ýeňen “Bawariýa” bassyr 2-nji, soňky 14 möwsümde 13-nji, “Bundesligadaky” 34-nji çempionlygyny baýram etdi. “Ştutgartdan” 4-2 hasabynda üstün çykan “Bawariýanyň” gollaryny Gerreýro (31), Jekson (33), Dewis (37) hem-de Keýn (52) geçirdi. Umumylykda, “Bawariýa” topary Germaniýanyň iň ýokary ligasyndaky 35-nji çempionlygyny gazandy. Münhenlileriň 1963-nji ýylda esaslandyrylan “Bundesligadan” öňem 1932-nji ýylda gazanan 1 çempionlygy bardy.

“Bundesligada” 2-3-4-nji orunlar üçin garşydaşlaryna garanyňda öňde barýan “Borussiýa Dortmund”, şol sanda “Leipsig”, “Ştutgart”, “Hoffenhaým” hem-de “Baýer” klublarynyň arasynda ýiti göreş dowam edýär.

 

30-njy tapgyryň duşuşyklary:

Sankt-Pauli – Köln: 1-1 (Mets 69 – Waldşmidt 86 p),

Hoffenhaým – Borussiýa D: 2-1 (Kramariç 41 p, 90+8 p – Girassi 87),

Union Berlin – Wolfsburg: 1-2 (Berk 85 – Wimmer 11, Peýçinowiç 46),

Werder – Hamburg: 3-1 (Stage 37, 57, Puertas 90+1 – Glatsel 41),

Baýer – Augsburg: 1-2 (Şik 12 – Rider 15, 90+7 p),

Aýntraht – Leipsig: 1-3 (Larsson 34 – Diomande 27, Nusa 70, Harder 81),

Fraýburg – Haýdenhaým: 2-1 (Manzambi 24, Eggeşteýn 83 – Ziwziwadze 58),

Bawariýa – Ştutgart: 4-2 (Gerreýro 31, Jekson 33, Dewis 37, Keýn 52 – Fürih 21, Andres 89),

Borussiýa M – Maýns: 1-1 (Skalli 7 – Amiri 90+6 p)