Hä­zir­ki wagt­da ulan­ýan zat­la­ry­my­zyň kö­pü­si yl­myň we teh­ni­ka­nyň köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­me­gi ne­ti­je­sin­de peý­da bol­dy. Hä­zir gö­räý­mä­ge aň­sat ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän zat­la­ryň dö­re­dil­me­gin­de köp ada­myň zäh­me­ti ýa­tyr. Hä­zir­ki wagt­da uly bi­na­la­ryň gi­rel­ge­le­rin­dä­ki özi açy­lyp-ýa­pyl­ýan ga­py­lar ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da peý­da bol­ýar. 1954-nji ýyl­da ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­da­ky Kor­pus Kris­ti şä­he­rin­de iş alyp bar­ýan «Hor­ton Glass Com­pa­ny» at­ly kom­pa­ni­ýa­nyň iş­gär­le­ri Di Hor­ton we Lew He­witt güýç­li ýel ze­rar­ly döw­len pen­ji­rä­ni ça­lyş­ýan eken­ler. Şol dö­wür­de şeý­le güýç­li ýel da­şa­ryk açy­lyp-ýa­pyl­ýan ga­py­la­ra we pen­ji­re­le­re ze­per ýe­tir­ýän eken. Ga­py ýa-da aý­na döw­len wag­ty go­la­ýyn­da­ky ada­ma-da ze­per ýe­tir­ýän wag­ty hem bo­lup­dyr. Şol se­bäp­li bu iki hü­när­men şe­mal bo­lan wag­ty dö­wül­me­jek ga­py­ny ön­dür­mä­ge gi­riş­ýär­ler.

Özi açylyp-ýapylýan gapylar diňe binalarda däl, awtobus, otly ýaly jemgyýetçilik ulaglarynda, dikuçar ýaly howa gämilerinde hem bar.

Il­kin­ji oý­lap ta­pylan ga­py­ kim­dir bi­ri go­la­ýyn­da­ky bel­le­nen ýe­re ba­sa­nyn­da açyl­ýar­dy. Bu ga­py di­ňe güýç­li ýe­liň aç­ma­gy­nyň öňü­ni alyp, elin­de ýük bo­lan ada­myň ar­ka­ýyn içe­rik gir­me­gi ýa-da da­şa­ryk çyk­ma­gy üçin hem ýe­ňil­lik dö­re­dip­dir. Olar il­kin­ji aw­to­mat ga­py­la­ry­ny 1960-njy ýyl­da sa­typ baş­la­pdyr­lar. Il­kin­ji ga­py şä­her­dä­ki bir res­to­ran­da otur­dyl­ýar. Hü­när­men­ler to­pa­ry bu açy­şy üçin 1964-nji ýyl­da pa­tent al­ýar­lar. Şon­dan soň­ra «Hor­ton Au­to­ma­tics» at­ly kom­pa­ni­ýa­ny dö­ret­di­ler. Soň­ra süý­şü­ri­lip açyl­ýan pen­ji­re­le­ri hem ön­dü­rip baş­la­ýar­lar.
Gap­da­la süý­şü­ri­lip açyl­ýan ga­py­lar hä­zirki wagt­da söw­da no­kat­la­ryn­da, köp­çü­li­giň bar­ýan bi­na­la­ryn­da, du­ral­ga­lar­da giň­den ula­nyl­ýar. Adam­lar üçin uly ýe­ňil­lik dö­red­ýän, ýö­ne­keý bo­lan bu ga­py­lar wag­tyň geç­me­gi bi­len has-da kä­mil­leş­di­ril­di. Aw­to­mat ýag­daý­da açy­lyp-ýa­pyl­ýan hä­zir­ki ga­py­lar­da otur­dy­lan ýö­ri­te sen­sor­lar go­la­ýy­na bi­ri­niň ge­len­di­gi­ni du­ýup, ga­py­ny aç­ýar. Bel­li bir wagt­dan soň­ra ga­py ýa­pyl­ýar.

Laçyn IŞANGULYÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň B. Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.