Moskwada, rus aýdym-saz topary “Laskowyý Maý”-yň öňki solisti Ýuriý Şatunow 49 ýaşynyň içinde ýüregagyrydan aradan çykdy. Soňky wagtlar aýdymçynyň ýüreginde kemi bardy. Ol “Tiz kömek” ulagynda aradan çykdy. Ýuriý Şatunow 1973-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Russiýanyň Başgyrdystan Respublikasynyň Kumertau şäherinde dünýä indi.
Geljekki ýyldyz karýerasyna ýetimler öýünde başlady. Şatunow hut şol ýerde prodýuser Sergeý Kuznesow bilen tanyş bolýar. Şol pursatdan başlap, “Laskowyý maý” toparynyň taryhy başlaýar. Toparyň esasy hitleri – “Ak bägüller” “Tomus”, “Çal gije” we “Ereýän gar” ýaly aýdymlary 1986-njy ýyldan 1988-nji ýyla çenli aralykda düzülipdi. 1991-nji ýylda Şatunow “Laskowyý maý”-dan çykyp, özbaşdak döredijiligine başlady. Onuň diskografiýasynda ýedi studiýa albomy we onlarça aýdym-saz wideoşekilleri bar.